Taryhy pursatlar, guwandyryjy üstünlikler

28 Noýabr 2023
264

Sekiz türgenden 8 medal! Şol sanda 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal. Ynha, paýtagtymyzda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji güni türkmen ýygyndysynyň agzalary we olaryň janköýerleri üçin şeýle netijeler bilen tamamlandy. Munuň özi guwandyryjy netije. Çempionatyň birinji gününde çykyş eden türgenlerimiziň hiç biriniň hem medalsyz galmazlygy aýratyn bellenilmeli ýagdaý. Başga bir tarapdan, bu netije hormatly Prezidentimiziň milli ýygyndymyzyň agzalary üçin döreden giň mümkinçilikleriniň miwesi. Şonuň üçinem Aşgabatda geçirilýän çempionatyň ilkinji gününi üstünlikli we taryhy gün hasaplap bolar.

Türgenlerimizden goşa çempionlyk

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».