Kuraş — 2023: Ilkinji günde iki altyn medal

27 Noýabr 2023
266

Şu gün — 27-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji tutluşyklary boldy. Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda ir bilen türgenleriň agramyny çekmek çäresi geçirildi. Soňra erkekleriň arasynda agram derejeleriniň üçüsi, zenan türgenleriň arasynda bolsa bäşisi boýunça tutluşyklara badalga berildi.

Günüň birinji ýarymynda erkekleriň arasynda 90 we 100 kilograma çenli agram derejelerinde hem-de 100 kilogramdan ýokary agramda deslapky tutluşyklar çekeleşikli häsiýetde geçdi. Zenanlaryň arasynda -48, -52, -57, -63, -70 kilogram agram derejelerinde deslapky tutluşyklarda dürli halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanan türgenler ýurdumyzyň sport abraýyny goramak üçin göreş düşekçesine çykdy.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».