Täze şähere seýran

27 Noýabr 2023
520

Öňňin Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylar üçin Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherine gezelenç guraldy. Türgenler, olaryň tälimçileri we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri şäheriň gözel künjekleri, medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň uly toplumyny özünde jemleýän infrastrukturasy bilen tanyşdylar.

Myhmanlar üçin täze şäherdäki döwrebap sport desgalary bilen tanyşlyk hem guraldy. Sportda uly üstünlikleri gazanjak türgenleriň kemala gelmegine, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, beden, ruhy taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmeklerine ýardam berjek bu sport desgalarynyň halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini aýratyn nygtamak gerek. Myhmanlaryň Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionyna gezelenji has-da täsirli boldy. Bu ýerde futbol duşuşyklary bilen birlikde, sportuň agyr atletika, küşt, şaşka, bilýard, stol tennisi, boks, woleýbol, basketbol, tennis ýaly görnüşleri boýunça türgenleşikleridir ýaryşlary geçirmäge hem giň mümkinçilikler döredilendir.

Aýsenem NURLYÝEWA.