Türkmen sporty şöhratlanýar

27 Noýabr 2023
255

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýär. Sport — parahatçylygyň ilçisi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçen umumy sapagyndaky çykyşynda: «Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir» diýip belledi. Ýeri gelende nygtasak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, umumybilim berýän, şeýle-de ýöriteleşdirilen orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe taýýarlygy boýunça sapaklar girizildi. Netijede, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi Türkmenistanda giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy.

Gülnabat HOJAGULYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.