Sport — parahatçylygyň we jebisligiň bähbidine

28 Noýabr 2023
288

Täze taryhy eýýamda milli sportumyzyň täze belentliklere çykmagy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak ugrunda başyny başlan köptaraply işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, täze sepgitleri nazarlaýandygynyň buýsandyryjy güwäsidir. Onuň, hakykatdan-da, şeýledigine ýakynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň — Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyz ÝUNESKO bilen 1993-nji ýyldan bäri özara ysnyşykly gatnaşyklary saklap gelýär. Türkmenistan geçen 30 ýylyň dowamynda bu abraýly halkara gurama bilen bilelikde taryh, medeniýet, bilim we ylym babatda taslamalaryň birnäçesini üstünlikli durmuşa geçirdi. Guramanyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti 1978-nji ýylda döredilip, ol agza döwletleriň 18-siniň bedenterbiýe we sport ulgamy boýunça hünärmen wekillerinden ybaratdyr. Olar dört ýyl möhlete çenli saýlanyp, komitete tehniki goldaw we maslahat berýärler. Türkmenistanyň şeýle abraýly hökümetara komitetiň düzümine saýlanylmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň olimpiýa hereketini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, beden hem ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ussat türgenleri taýýarlamak, ýurdumyzy sportuň mekanyna öwürmek, halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek baradaky köptaraplaýyn başlangyçlarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

Hydyr NUNNAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.