"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Şaşka ýaryşy geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň 20-nji çagalar bagynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanyp, şaşka ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleriniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşa etrabyň çagalar baglarynyň işgärleri gatnaşdy. Ildeşlerimizi sporta çekmek we sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen şaşka ýaryşyna gatnaşyjylar özaralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar. Uly gyzyklanma eýe bolan ýaryşda etrabyň 13-nji çagalar bagyndan Dünýägözel Höwmäýewa birinji, 17-nji çagalar bagyndan Nartäjigül Döwranowa ikinji, 7-nji çagalar bagyndan Maral Çaryýewa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ynam bilen ýetilen sport ýeňişleri

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde belent ykrarnama eýe bolan eziz Diýarymyzda Olimpiýa hereketini, ýokary derejeli sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sportuň sagdyn bolmagyň gözbaşydygyny işjeň wagyz edýän we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesi ildeşlerimizi sport hereketine hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine goşulyşmaga höweslendirýär. Bu ulgama ylmyň iň täze gazananlary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Gysga taryhy döwürde ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän stadionlar, sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi. Milli atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak üçin sebitde ilkinji «akylly» şäher adyna eýe bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy gurlup ulanylmaga berildi. Ata Watanymyzda beden taýdan taplanan, ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çünki raýatlaryň saglygy ýurduň we jemgyýetiň ösüşiniň wajyp şertidir. Sagdynlygy we sporty jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletleriň ähli ugurlarda gülläp ösýändigini biz dünýä tejribesinden aýdyň görýäri

«Aragatnaşykçylar» kümüş medalyň eýesi boldy

7-nji dekabrda paýtagtda Ýokary liganyň 24-nji tapgyrynyň çäginde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» futbol topary «Nebitçini» kabul etdi. Duşuşykda garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňen «Altyn asyr» möwsümi kümüş medal bilen tamamlamagy kepillendirdi we geljek ýylda AFK-nyň ýaryşlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiligini gorady. «Janköýeriň» habar berşi ýaly, «Nebitçi» 12-nji minutda Magtymberdi Berenow bilen öňe saýlanan hem bolsa, ýer eýeleri 37-nji minutda Hoşgeldi Hojowowyň geçiren goly bilen hasaby deňlediler. 54-nji minutda bolsa Röwşengeldi Halmämmedow «Altyn asyryň» ýeňiş goluny geçirdi.

Bir mekdepden iki çempion

Berkarar Watanymyzda milli sportumyzy we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler halkara derejesinde hem giň goldawa eýe bolýar. Bu hakykata hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky günlerde ÝUNESKO-dan gelip gowşan hoş habaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin bu guramanyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy watandaşlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyryp, türgenlerimizi beýik ýeňişlere ruhlandyrdy. Şu mynasybetli ýakynda mermer paýtagtymyzda kuraş boýunça geçirilen dünýä ýaryşynda türgenlerimiziň gazanan üstünlikleri Watanymyzyň sport abraýyna öwüşgin çaýan waka hökmünde ýyl ýazgymyzda aýratyn orun aldy. Dünýä döwletleriniň ussat türgenleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemlän bu ýaryşyň ilkinji gününde Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebiniň tälimçisi Dinara Rozykulowanyň we Dänew etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Mariýa Lohowanyň gazanan altyn medallary Bitaraplyk baýramymyza mynasyp sowgat boldy.

Sabina — biziň guwanjymyz

Berk bedenli, arassa ahlakly, watansöýer, bilimli ýaşlar milletimiziň guwanjy, ata Watanymyzyň röwşen geljegidir. Eziz Arkadagymyz olary hossarlyk aladasy bilen gurşap alýar, okamak, kämilleşmek, sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport mekdepleri, sport toplumlary ýaşlaryň ygtyýaryna berilýär. Olarda ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşleri bilen höwesli meşgullanýarlar. Şeýle ýaşlaryň biri-de mekdebimiziň göreldeli okuwçysy Sabina Kadyrowadyr. Ol ýaşlygyndan sport mekdebinde tälim alyp başlady. Özi-de sporty göreldeli okamak bilen utgaşdyrmagy başarýar. Sabina ýaşdygyna garamazdan, sport äleminde özüni tanadan türgenleriň biri. Ol örän uly üstünligini golaýda mermer paýtagtymyzda kuraş boýunça geçen dünýä çempionatynda gazandy. Ýaş türgen öz agram derejesinde ähli garşydaşlaryny ýeňip, dünýäniň çempiony boldy. Gazanylan ajaýyp ýeňiş diňe bir Sabina däl, eýsem, tutuş türkmen halkyna egsilmez şatlyk getirdi. Şonda hemmeler ýurdumyzda ýokary netijeli sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.

Möhletinden öň çempion boldy

«Arkadag» futbol topary ilkinji gezek ýurdumyzyň Ýokary futbol ligasynyň çempiony boldy. Näbelet bolsaň, toparyň näçe ýyllyk taryhy barka diýilmegi mümkin. Topar entek «ýaşyny» hem dolduranok. Futbol ýaly birnäçe oýunçynyň bilelikde özara düşünişip oýnamaly, ussatlyk görkezmeli, garşydaşyndan üstün çykmaly pursatlarda futbolçylaryň biri-birine ýarym sözde düşünmegi gerek. Şeýle sazlaşykly ýagdaýy, tutuş toparyň bir göwrä öwrülen ýaly hereket etmegini gazanmak üçinem ýokary derejeli türgenleşik, uly tejribe, üstesine-de, wagt gerek. Iň döwrebap sport desgalarda her bir duşuşyga ýokary derejede taýýarlyk görýän «Arkadag» futbol toparynyň futbolçylary hem öz yhlaslaryna görä netije gazanmagy başardylar. «Arkadag» topary çempionlygyny 3-nji dekabrda Ýokary liganyň 23-nji tapgyrynda yglan etdi. Şol gün topar Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda «Altyn asyr» bilen geçiren duşuşygynda 4-0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy. Çempionlyk ugrundaky göreşde arany göz-görtele açmak bolsa möhletinden öň çempionlyk diýmekdir. Şol duşuşyga çenli çempionlyk umydyny saklan «aragatnaşykçylar», öňünde bäş oýnunyň barlygyna garamazdan, bu mümkinçiligini ýitirdi. «Arkadag» topary bilen «Altyn asyryň» duşuşygynda gollaryň ikisine Welmyrat Ballakow, ikisine Didar Durdyýew awtor boldy.

Ýaryş. Ynam. ÝEŇIŞ

Türgenlerimiz milli sportumyzyň şanyna dessan ýazarlyk derejede işi bitirdiler. Eger şeýle dessan ýazylmaly bolsa, onda onuň baş gahrymanlary şu üstünlikleriň esasy sebäpkärleri bolan baş tälimçiler bolardy. Çünki türgenler Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Dörtguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewanyň maslahatlaryna berk eýerendigi sebäpli, hormat münberiniň basgançaklaryna çykyp bildiler. Hut şu sebäpden hem gazanylan ýeňişleri we olaryň gymmatyny tälimçiler bilen bilelikde seljermegi makul bildik. ― Gyzlarymyz üç, ýigitlerimiz iki altyn medal gazandy. Türgenlerimiziň görkezen umumy netijeleri tälimçi hökmünde sizi kanagatlandyrýarmy?

Ruhubelentligiň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Bu günki gün ata Watanymyz Ýer ýüzünde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy, abraýly halkara sport ýaryşlarynyň, dabaralarynyň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar. Häzirki wagta çenli paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem sebitleýin sport bäsleşikleriniň ençemesi üstünlikli geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurlan, paýtagtymyzyň esasy künjekleriniň birinde ýerleşýän döwrebap Olimpiýa şäherçesi şeýle halkara ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmäge uly mümkinçilikleri berýär. Ýakynda bu ýerde şeýle abraýly ýaryşlaryň ýene biri — Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. Uly üstünliklere beslenen bu halkara sport baýramy ýurdumyzyň täze taryhyndaky şanly wakalaryň birine öwrüldi. Çempionatda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny nobatdaky gezek belende galdyrandygy hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda türgenlerimiz ýokary netije görkezip, ýaryşy altyn medallaryň 5-si, kümüş medallaryň 6-sy we bürünç medallaryň 4-si bilen tamamlady. Türkmen ýaşlarynyň şeýle uly üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň aýdyň geljegi ugrunda edýän taýsyz tagallalaryndan

Dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ählumumy serişdesi

«Biz sporty dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ählumumy serişdesi hasap edýäris. Şu nukdaýnazardan, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda iri sport taslamalary amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň we dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleriniň zamanamyzyň ajaýyp hakykatydygyna, taryhy ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň halkara sport abraýynyň täze belentliklere göterilýändigine her birimiz şaýat. Dünýä derejesindäki iri sport ýaryşlaryny özünde kabul etmäge hem-de nusgalyk derejede geçirmäge ukyply döwlet diýlip ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu günki gün sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilmegi munuň aý

Harby talybymyzyň üstünligi

Ýakynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Almaty şäherinde karate boýunça Aziýanyň açyk çempionaty geçirildi. Bu halkara çempionatda dünýä ýurtlaryndan gelen sport türgenleri dürli agram derejelerinde çykyş edip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby gullukçysy, uly leýtenant Güýç Gökowdan tälim alýan 2-nji ýyl harby talyp Daýanç Keletliýew 67 kilogram agram derejesinde çykyş edip, baýrakly 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy. Ýaş harby talybymyzyň gazanan bu üstünligi onuň indiki gazanjak ýeňişlerine bolan ynamyny has-da artdyrdy.

«Arkadag» topary — ýurdumyzyň çempiony

Futbol Arkadag şäheriniň «Arkadag» topary milli futbol çempionatymyzyň 23-nji tapgyrynda paýtagtymyzyň «Altyn Asyryndan» uly hasapda üstün çykmak bilen, utuklarynyň sanyny 60-a ýetirdi we Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. Çempionata ilkinji sapar gatnaşýan bu toparyň ähli oýunlarynda garşydaşlaryndan üstün çykandygyny hem aýratyn bellemek gerek.

Sport. Sport. Sport.

Ildeşimiziň uly üstünligi Ýeňşiň yglan edilýän pursatynyň buýsançly şatlyk duýgusyny başdan geçirmek her bir türgeniň arzyly arzuwy. Ýöne şeýle pursata ýetmek üçin irginsiz türgenleşmeli, yhlas etmeli. Şeýle guwançly pursatlary ençeme gezek başdan geçiren türgenleriň birem paurliftingçi Şatlyk Rahmanowdyr. Onuň sportuň şu görnüşi boýunça meşgullanyp gelýänine indi 20 ýyldan gowrak wagt boldy. Şu döwrüň içinde Şatlyk dürli ýaryşlarda, şol sanda halkara ýaryşlarynda-da özüniň ýeňiji bolmaga mynasypdygyny äşgär etdi. Ş.Rahmanowyň ýeňişli menzilleriniň rowaç almagynda köp ýyllyk tälimçisi Allaberdi Nerowyň ýadawsyz zähmetini, türgenine berk talabyny ýatlaman bolmaz. Bu barada tejribeli tälimçi Allaberdi Nerow şeýle diýýär:

Türgenlerimiziň üstünligine guwanýarys

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ösen sport ýurdy hökmündäki şan-şöhraty we meşhurlygy barha artýar. Ýurdumyzda üstünlikli geçen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda bu hakykat has-da dabaralandy. Bu abraýly ýaryşyň üstünlikli geçendigine bütin dünýä jemgyýetçiligi şaýat boldy. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda birnäçe günläp sport baýramçylygy höküm sürdi. Mälim bolşy ýaly, Olimpiýa şäherçesi 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem merkezine öwrülipdi. Şonda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen türgenler ol ýerde sportuň degişli görnüşleri boýunça ussatlygyny görkezip, ondaky giň amatlyklara haýran galypdy. Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda halkara we dünýä derejesindäki ýaryşlaryň başga-da birnäçesi ýokary derejede geçirildi.

Dänewli küştçi Günbatar Aziýanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi

Dänewli küştçi Lala Şöhradowa Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň arasyndaky Günbatar Aziýanyň küşt çempionatynyň çalt oýnamak boýunça ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy. Lala 5,5 utuk toplap, üçünji orny eýelemegi başardy.

Taryhy ýeňişler uly şatlyga sebäp

Welaýatymyzyň türgenleriniň ýakynda geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmekleri sport jemgyýetçiliginiň wekillerinde uly şatlyk döretdi. Muny redaksiýamyza welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň garamagyndaky sport mekdepleridir toplumlarynda zähmet çekýän ildeşlerimizden gelip gowuşýan hatlar hem tassyklaýar. Şolaryň käbirini okyjylarymyz bilen paýlaşýarys. Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň garamagyndaky sport mekdeplerinde häzirki wagtda sportuň 35 görnüşi boýunça tälimçi-mugallymlaryň 713-si zähmet çekip, olar türgenlerimizi ýokary derejelere çykarmak üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Ýakynda Aşgabat şäherinde kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionaty hem welaýatymyzyň türgenleriniň üstünlikli halkara ýaryşlarynyň naýbaşysy boldy. Geljekde hem iri halkara ýaryşlarynda türgenlerimiziň uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna uly ynamymyz bar.

Sport

Gyzykly geçen ýaryşlar Sportuň taekwondo görnüşi boýunça 2006-2017-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. Onda dürli agram derejeli türgenler özara güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesine görä, öz agram derejelerinde üstünlikli çykyş eden şol sport mekdebiniň türgenleri Mehmetaly Suhrabow, Ramzan Nasyrow, Serdar Mätiýew, Mergen Kadyrow, Kudrat Jumanow, Daýanç Hangeldiýew, Serdar Akgajaýew, Guwanç Illiýew dagy birinji, Sabyr Atamedow, Jeýhun Saparbaýew, Alybek Oktamow, Aziz Bahramow, Amirhan Hajiýew, Aýdar Haýrulin, Atajan Babajanow, Atamyrat Kakaýew dagy ikinji, Hasan Hojanyýazow, Küren Myradow, Kerwen Myradow, Arslan Şamyradow, Jumabaý Rozmetow, Muhammet Dädemyradow, Kurambaý Atahanow dagy üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiş gazanan türgenler Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

«Arkadag» futbol topary — çempion!

Şu ýylyň baharynda döredilen «Arkadag» futbol topary ilkinji möwsüminde Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bilen adybir topar bu üstünligini çempionatyň häzirki möwsüminiň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda gazandy. Ýokary liganyň 23-nji tapgyrynda ýaryş tertibinde ikinji orunda barýan «Altyn asyr» toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykan täze topar bu ýeňişden soňra, ilkinji çempionlygyny yglan etdi. Netijede, «Altyn asyr» ýaryşyň öňdebaryjysyndan 16 utuk yza galdy. 23 tapgyrda 19 duşuşyk geçiren «aragatnaşykçylar» öňde duran ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazanan ýagdaýynda-da 15 utuk toplap bilerler.

Önümçiligiň ilerlemegine ýardam edýär

Şu günler Halkara Bitaraplyk gününiň, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak ugrunda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň agzybir, zähmetsöýer burawlaýjylary egin-egne berip, zähmet çekýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge berýän bimöçber üns-aladalary netijesinde müdirligiň maddy-önümçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň nebitgaz pudagyny döwrebap derejede ösdürmek ugrunda edýän aladalaryna mynasyp zähmet sowgatlary bilen jogap bermegi baş maksadyna öwren müdirligiň ezber burawlaýjylary halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän, iň kämil enjamlara başarnykly erk edip, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagy ugrunda öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar. Önümçilik işleriniň has-da sazlaşykly öňe gitmegi üçin kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan müdirligiň ýolbaşçylygy bilen bilelikde, medeni-köpçülik, sport çärelerine hem aýratyn uly üns berilýär. Işden boş wagtlary sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýan höwesjeň türgenlerimiz sport egin-eşikleri, enjamlary bilen üpjün edildi.

Türgenlerimiziň ýeňişleri — türkmen sportunyň şöhraty

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta ornaşdyrmaga, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli, maksada okgunly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen beýik başlangyçlary, bu ugurda ýola goýan tutumly işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu günki gün türkmen ýaşlarynyň, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, sportuň dürli görnüşleri boýunça hem halkara ýaryşlarda, çempionatlarda öňdäki orunlary eýeläp, ýaşyl tugumyzy belende galdyrmaklary Watanymyzyň şanyna şan goşup, halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrýar. Şu ýylyň başyndan bäri türkmen türgenleriniň 240-dan gowrak halkara ýaryşa gatnaşyp, jemi 700-e golaý medala, şol sanda 200-e golaý altyn medala mynasyp bolandyklaryny şunda aýratyn buýsanç bilen bellemek gerek. Munuň özi Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi, Olimpiýa hereketiniň ýaýbaňlandyrylmagy, türkmen türgenleriniň yzygiderli kämilleşmegi ugrunda döredilýän döwrebap şertleriň, giň mümkinçilikleriň ajaýyp miwesidir. Türkmenistan halkara ýaryşlary, dünýä çempionatlaryny geçirmekde özboluşly tejribe toplady. Bu ugurda ýurdumyzda döredilen döwrebap şertler dünýäde ykrar e

Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport abraýyny ýene bir gez belende galdyrdy

Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8 agram derejesinde medallaryň 15 toplumy ugrunda göreş alyp bardylar. Guwandyryjy tarapy, şol 15 agramyň ählisinde hem türkmen türgenleri hormat münberinden orun almagy başardylar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy 15 medal bilen gazanylan medallaryň sany boýunça birinji, ýygyndylaryň arasyndaky umumy bäsleşikde bolsa kuraşyň watany Özbegistandan soňra ikinji orny eýeledi. Has takygy, türkmenistanly pälwanlar 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular. Olaryň hatarynda Daýanç Omirow, Wepa Awlýakulyýew, Sabina Kadyrowa, Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa ýaly pälwanlarymyz dünýä çempiony bolmagy başardylar. Jahan Mämmedowa, Sabina Agajanowa, Şatlyk Jumanyýazow, Aýşirin Haýdarowa, Aýnur Amanowa, Sanjar Abdyrahmanow ýaly kuraşçylarymyz bolsa hormat münberiniň ikinji basgançagyndan ýer aldylar. Gülşat Annaýewa, Sapa Sapaýew, Ruslan Esgerow, Döwlet Hemrakulyýew dagy bolsa, bürünç medal bilen sylaglandylar. Şunlukda türkmen ýygyndysy kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň oňat netijesini görkezdi. Munuň özi bolsa ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýokary derejeli sport bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilýändigine doly şaýatlyk edýär. 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň dowam edýän günlerinde IKA-nyň kongre