Ynam bilen ýetilen sport ýeňişleri

7 Dekabr 2023
407

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde belent ykrarnama eýe bolan eziz Diýarymyzda Olimpiýa hereketini, ýokary derejeli sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sportuň sagdyn bolmagyň gözbaşydygyny işjeň wagyz edýän we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesi ildeşlerimizi sport hereketine hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine goşulyşmaga höweslendirýär. Bu ulgama ylmyň iň täze gazananlary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Gysga taryhy döwürde ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän stadionlar, sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi. Milli atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak üçin sebitde ilkinji «akylly» şäher adyna eýe bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy gurlup ulanylmaga berildi.

Ata Watanymyzda beden taýdan taplanan, ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Çünki raýatlaryň saglygy ýurduň we jemgyýetiň ösüşiniň wajyp şertidir. Sagdynlygy we sporty jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletleriň ähli ugurlarda gülläp ösýändigini biz dünýä tejribesinden aýdyň görýäris. Türkmenistanda sport ulgamynyň netijeli ösüşler bilen häsiýetlenýändigi türkmenistanly türgenleriň halkara sport ýaryşlarynda gazanýan medallarynyň mysalynda göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gaýratly türgenlerimiz iri halkara ýaryşlarda Watanymyzyň abraýyny arşa göterip, milli sportuň iň gowy däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Türgenlerimiz dünýä, sebit derejeli ýaryşlara işeňňir gatnaşyp, iň ýokary baýrakly orunlary eýeleýärler. Sporta ösüşiň, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmagyň guraly hökmünde garalýar. Şoňa baglylykda, eziz Diýarymyz halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanýar. Halkara sport hereketiniň ynsanperwer mazmuny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk döredijilikli syýasaty bilen baglylykda, aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, sport jebisleşdiriji güýç hökmünde medeniýet, ykdysadyýet, diplomatiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, ýurdumyzyň sport ulgamynda öňe sürýän, parahatçylyk, dostluk gatnaşyklary, özara düşünişmegi we hormat goýmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyz ählumumy abadançylyga gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlaryny goldamak bilen, Halkara Olimpiýa Komiteti, BMG-niň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy,

Aşyrmuhammet GURBANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory.