Möhletinden öň çempion boldy

7 Dekabr 2023
285

«Arkadag» futbol topary ilkinji gezek ýurdumyzyň Ýokary futbol ligasynyň çempiony boldy. Näbelet bolsaň, toparyň näçe ýyllyk taryhy barka diýilmegi mümkin. Topar entek «ýaşyny» hem dolduranok.

Futbol ýaly birnäçe oýunçynyň bilelikde özara düşünişip oýnamaly, ussatlyk görkezmeli, garşydaşyndan üstün çykmaly pursatlarda futbolçylaryň biri-birine ýarym sözde düşünmegi gerek. Şeýle sazlaşykly ýagdaýy, tutuş toparyň bir göwrä öwrülen ýaly hereket etmegini gazanmak üçinem ýokary derejeli türgenleşik, uly tejribe, üstesine-de, wagt gerek. Iň döwrebap sport desgalarda her bir duşuşyga ýokary derejede taýýarlyk görýän «Arkadag» futbol toparynyň futbolçylary hem öz yhlaslaryna görä netije gazanmagy başardylar. «Arkadag» topary çempionlygyny 3-nji dekabrda Ýokary liganyň 23-nji tapgyrynda yglan etdi. Şol gün topar Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda «Altyn asyr» bilen geçiren duşuşygynda 4-0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy. Çempionlyk ugrundaky göreşde arany göz-görtele açmak bolsa möhletinden öň çempionlyk diýmekdir. Şol duşuşyga çenli çempionlyk umydyny saklan «aragatnaşykçylar», öňünde bäş oýnunyň barlygyna garamazdan, bu mümkinçiligini ýitirdi. «Arkadag» topary bilen «Altyn asyryň» duşuşygynda gollaryň ikisine Welmyrat Ballakow, ikisine Didar Durdyýew awtor boldy.

Nowruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».