Ruhubelentligiň mekany

6 Dekabr 2023
262

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Bu günki gün ata Watanymyz Ýer ýüzünde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy, abraýly halkara sport ýaryşlarynyň, dabaralarynyň geçirilýän ýeri hökmünde giňden tanalýar.

Häzirki wagta çenli paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem sebitleýin sport bäsleşikleriniň ençemesi üstünlikli geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurlan, paýtagtymyzyň esasy künjekleriniň birinde ýerleşýän döwrebap Olimpiýa şäherçesi şeýle halkara ýaryşlaryny ýokary derejede geçirmäge uly mümkinçilikleri berýär. Ýakynda bu ýerde şeýle abraýly ýaryşlaryň ýene biri — Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty ýokary guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. Uly üstünliklere beslenen bu halkara sport baýramy ýurdumyzyň täze taryhyndaky şanly wakalaryň birine öwrüldi. Çempionatda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny nobatdaky gezek belende galdyrandygy hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda türgenlerimiz ýokary netije görkezip, ýaryşy altyn medallaryň 5-si, kümüş medallaryň 6-sy we bürünç medallaryň 4-si bilen tamamlady. Türkmen ýaşlarynyň şeýle uly üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň aýdyň geljegi ugrunda edýän taýsyz tagallalaryndan gözbaş alýar.

Gülälek ŞABASANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.