Dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ählumumy serişdesi

6 Dekabr 2023
206

«Biz sporty dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ählumumy serişdesi hasap edýäris. Şu nukdaýnazardan, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda iri sport taslamalary amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň we dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleriniň zamanamyzyň ajaýyp hakykatydygyna, taryhy ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň halkara sport abraýynyň täze belentliklere göterilýändigine her birimiz şaýat. Dünýä derejesindäki iri sport ýaryşlaryny özünde kabul etmäge hem-de nusgalyk derejede geçirmäge ukyply döwlet diýlip ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu günki gün sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Türkmen türgenleriniň dünýä birinjiliginde 15 agram derejesinde çykyş edip, jemi 15 medal gazanmaklary bolsa her bir türkmenistanlynyň kalbyny egsilmez buýsanja besledi. 

Hawa, Türkmenistan halkara derejedäki iri ýaryşlary geçirmekde baý tejribe toplady. 2017-nji ýylda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty we «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, şeýle-de dürli ýyllarda ençeme halkara ýaryşlar ýokary derejede geçirildi. Olar ýurdumyzyň sanlyja ýylyň içinde sport babatda ägirt uly sepgitlere ýetendigini äleme aýan etdi. Bu iri ýaryşlara gatnaşan we tomaşa eden daşary ýurtlularyň ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak babatda durmuşa geçirilen we alnyp barylýan beýik işlere haýran galandyklaryny aýtmak aýratyn ýakymlydyr. Paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň hem Watanymyzyň, şeýle hem dünýä sportunyň taryhynda möhüm waka öwrülendigini buýsanç bilen bellemek bolar.

Baýrammyrat SARYMYRADOW,
welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň başlygy.