Türgenlerimiziň üstünligine guwanýarys

5 Dekabr 2023
329

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ösen sport ýurdy hökmündäki şan-şöhraty we meşhurlygy barha artýar. Ýurdumyzda üstünlikli geçen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda bu hakykat has-da dabaralandy. Bu abraýly ýaryşyň üstünlikli geçendigine bütin dünýä jemgyýetçiligi şaýat boldy.

Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda birnäçe günläp sport baýramçylygy höküm sürdi. Mälim bolşy ýaly, Olimpiýa şäherçesi 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem merkezine öwrülipdi. Şonda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen türgenler ol ýerde sportuň degişli görnüşleri boýunça ussatlygyny görkezip, ondaky giň amatlyklara haýran galypdy. Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda halkara we dünýä derejesindäki ýaryşlaryň başga-da birnäçesi ýokary derejede geçirildi.