Şaşka ýaryşy geçirildi

7 Dekabr 2023
356

Ak bugdaý etrabynyň 20-nji çagalar bagynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanyp, şaşka ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleriniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşa etrabyň çagalar baglarynyň işgärleri gatnaşdy.

Ildeşlerimizi sporta çekmek we sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen şaşka ýaryşyna gatnaşyjylar özaralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar. Uly gyzyklanma eýe bolan ýaryşda etrabyň 13-nji çagalar bagyndan Dünýägözel Höwmäýewa birinji, 17-nji çagalar bagyndan Nartäjigül Döwranowa ikinji, 7-nji çagalar bagyndan Maral Çaryýewa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ogulbäbek MYRATNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.