Bir mekdepden iki çempion

7 Dekabr 2023
272

Berkarar Watanymyzda milli sportumyzy we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler halkara derejesinde hem giň goldawa eýe bolýar. Bu hakykata hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky günlerde ÝUNESKO-dan gelip gowşan hoş habaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin bu guramanyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy watandaşlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyryp, türgenlerimizi beýik ýeňişlere ruhlandyrdy.

Şu mynasybetli ýakynda mermer paýtagtymyzda kuraş boýunça geçirilen dünýä ýaryşynda türgenlerimiziň gazanan üstünlikleri Watanymyzyň sport abraýyna öwüşgin çaýan waka hökmünde ýyl ýazgymyzda aýratyn orun aldy. Dünýä döwletleriniň ussat türgenleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemlän bu ýaryşyň ilkinji gününde Türkmenabat şäherindäki 10-njy sport mekdebiniň tälimçisi Dinara Rozykulowanyň we Dänew etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Mariýa Lohowanyň gazanan altyn medallary Bitaraplyk baýramymyza mynasyp sowgat boldy.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.