Önümçiligiň ilerlemegine ýardam edýär

4 Dekabr 2023
421

Şu günler Halkara Bitaraplyk gününiň, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barmak ugrunda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň agzybir, zähmetsöýer burawlaýjylary egin-egne berip, zähmet çekýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge berýän bimöçber üns-aladalary netijesinde müdirligiň maddy-önümçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň nebitgaz pudagyny döwrebap derejede ösdürmek ugrunda edýän aladalaryna mynasyp zähmet sowgatlary bilen jogap bermegi baş maksadyna öwren müdirligiň ezber burawlaýjylary halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän, iň kämil enjamlara başarnykly erk edip, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagy ugrunda öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar.

Önümçilik işleriniň has-da sazlaşykly öňe gitmegi üçin kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan müdirligiň ýolbaşçylygy bilen bilelikde, medeni-köpçülik, sport çärelerine hem aýratyn uly üns berilýär. Işden boş wagtlary sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýan höwesjeň türgenlerimiz sport egin-eşikleri, enjamlary bilen üpjün edildi.

Arazmyrat ILAMANOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.