Harby talybymyzyň üstünligi

6 Dekabr 2023
294

Ýakynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Almaty şäherinde karate boýunça Aziýanyň açyk çempionaty geçirildi. Bu halkara çempionatda dünýä ýurtlaryndan gelen sport türgenleri dürli agram derejelerinde çykyş edip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby gullukçysy, uly leýtenant Güýç Gökowdan tälim alýan 2-nji ýyl harby talyp Daýanç Keletliýew 67 kilogram agram derejesinde çykyş edip, baýrakly 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy. Ýaş harby talybymyzyň gazanan bu üstünligi onuň indiki gazanjak ýeňişlerine bolan ynamyny has-da artdyrdy.

Mekan ATABALLYÝEW,
harby talyp.