Taryhy ýeňişler uly şatlyga sebäp

5 Dekabr 2023
281

Welaýatymyzyň türgenleriniň ýakynda geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmekleri sport jemgyýetçiliginiň wekillerinde uly şatlyk döretdi. Muny redaksiýamyza welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň garamagyndaky sport mekdepleridir toplumlarynda zähmet çekýän ildeşlerimizden gelip gowuşýan hatlar hem tassyklaýar. Şolaryň käbirini okyjylarymyz bilen paýlaşýarys.

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň garamagyndaky sport mekdeplerinde häzirki wagtda sportuň 35 görnüşi boýunça tälimçi-mugallymlaryň 713-si zähmet çekip, olar türgenlerimizi ýokary derejelere çykarmak üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Ýakynda Aşgabat şäherinde kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionaty hem welaýatymyzyň türgenleriniň üstünlikli halkara ýaryşlarynyň naýbaşysy boldy. Geljekde hem iri halkara ýaryşlarynda türgenlerimiziň uly üstünliklere eýe boljakdyklaryna uly ynamymyz bar.