Türgenlerimiziň ýeňişleri — türkmen sportunyň şöhraty

4 Dekabr 2023
523

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugta ornaşdyrmaga, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli, maksada okgunly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen beýik başlangyçlary, bu ugurda ýola goýan tutumly işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu günki gün türkmen ýaşlarynyň, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, sportuň dürli görnüşleri boýunça hem halkara ýaryşlarda, çempionatlarda öňdäki orunlary eýeläp, ýaşyl tugumyzy belende galdyrmaklary Watanymyzyň şanyna şan goşup, halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrýar. Şu ýylyň başyndan bäri türkmen türgenleriniň 240-dan gowrak halkara ýaryşa gatnaşyp, jemi 700-e golaý medala, şol sanda 200-e golaý altyn medala mynasyp bolandyklaryny şunda aýratyn buýsanç bilen bellemek gerek. Munuň özi Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi, Olimpiýa hereketiniň ýaýbaňlandyrylmagy, türkmen türgenleriniň yzygiderli kämilleşmegi ugrunda döredilýän döwrebap şertleriň, giň mümkinçilikleriň ajaýyp miwesidir.

Türkmenistan halkara ýaryşlary, dünýä çempionatlaryny geçirmekde özboluşly tejribe toplady. Bu ugurda ýurdumyzda döredilen döwrebap şertler dünýäde ykrar edilip, halkara standartlara doly laýyk gelýär. Paýtagtymyz Aşgabatdaky köp sanly döwrebap sport desgalaryny özünde jemleýän, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi munuň aýdyň mysalydyr. Bu ajaýyp şäherçede ýakynda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň uly üstünliklere beslenip geçirilmegi-de Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki belent halkara abraýyny, toplan baý tejribesini ýene bir ýola bütin Ýer ýüzüne äşgär etdi. Şu ýylyň 15-16-njy noýabrynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy-da ýurdumyzyň bu ugurdaky halkara abraýynyň barha artýandygyny subut etdi.

Gülälek BAÝLYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň saz ugruna ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.