«Aragatnaşykçylar» kümüş medalyň eýesi boldy

7 Dekabr 2023
727

7-nji dekabrda paýtagtda Ýokary liganyň 24-nji tapgyrynyň çäginde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» futbol topary «Nebitçini» kabul etdi. Duşuşykda garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňen «Altyn asyr» möwsümi kümüş medal bilen tamamlamagy kepillendirdi we geljek ýylda AFK-nyň ýaryşlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiligini gorady.

«Janköýeriň» habar berşi ýaly, «Nebitçi» 12-nji minutda Magtymberdi Berenow bilen öňe saýlanan hem bolsa, ýer eýeleri 37-nji minutda Hoşgeldi Hojowowyň geçiren goly bilen hasaby deňlediler. 54-nji minutda bolsa Röwşengeldi Halmämmedow «Altyn asyryň» ýeňiş goluny geçirdi.