Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport abraýyny ýene bir gez belende galdyrdy

3 Dekabr 2023
383

Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8 agram derejesinde medallaryň 15 toplumy ugrunda göreş alyp bardylar. Guwandyryjy tarapy, şol 15 agramyň ählisinde hem türkmen türgenleri hormat münberinden orun almagy başardylar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy 15 medal bilen gazanylan medallaryň sany boýunça birinji, ýygyndylaryň arasyndaky umumy bäsleşikde bolsa kuraşyň watany Özbegistandan soňra ikinji orny eýeledi. Has takygy, türkmenistanly pälwanlar 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular. Olaryň hatarynda Daýanç Omirow, Wepa Awlýakulyýew, Sabina Kadyrowa, Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa ýaly pälwanlarymyz dünýä çempiony bolmagy başardylar. Jahan Mämmedowa, Sabina Agajanowa, Şatlyk Jumanyýazow, Aýşirin Haýdarowa, Aýnur Amanowa, Sanjar Abdyrahmanow ýaly kuraşçylarymyz bolsa hormat münberiniň ikinji basgançagyndan ýer aldylar. Gülşat Annaýewa, Sapa Sapaýew, Ruslan Esgerow, Döwlet Hemrakulyýew dagy bolsa, bürünç medal bilen sylaglandylar. Şunlukda türkmen ýygyndysy kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň oňat netijesini görkezdi. Munuň özi bolsa ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýokary derejeli sport bilen meşgullanmaga ähli şertleriň döredilýändigine doly şaýatlyk edýär.

2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň dowam edýän günlerinde IKA-nyň kongresi hem geçirildi. Oňa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, şeýle hem Günorta we Demirgazyk Amerikadan 53 ýurduň wekiliýeti gatnaşdy.

Döwran Maşadow,
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň iç keselleri bölüminiň ylmy işgäri.