"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Işjeň gatnaşyklar pugtalandyrylýar

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutlady hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtap, dürli ulgamlarda ýöriteleşen «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bilen hyzmatdaşlygyň uly tejribesini kanagatlanma bilen belledi.

Beýik ösüşleri nazarlap

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, doganlyk gazak halkynyň rowaçlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşler häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň esasy ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Dostlukly goňşy döwletleriň arasynda işjeň syýasy gatnaşyklar alnyp barylýar, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk berkidilýär. Türkmen-gazak söwda-ykdysady gatnaşyklary, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär we berkidilýär, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlary ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, özara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimi

Kitap — hazyna

17-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Gahryman Arkadagymyza goýulýan uly hormatyň hem-de köpugurly döwlet, syýasy, ylmy we medeni işlerde bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Dabara Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary, talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin çykyş edip, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidigini, onuň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi, hormat goýmagy pugtalandyrmagyň, rowaçlygyň hem-de abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýlary döretmegiň möhüm şertidigini belledi. BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German çykyşynda kitapda diňe bir Türkmenistanyň mirasy hakynda däl, eýsem, häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri barada-da gür

Kämil kanunçylyga daýanyp

Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty, umumadamzat, sebit ähmiýetli halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda at-abraýy dünýä dolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýän ýurtlaryň sany barha artýar. Bu gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi bilen dünýäniň ençeme döwletleriniň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny öňküsinden-de ýokarlandyrmak, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak, kanunçylyk işiniň öňdebaryjy tejribesini alyşmak, şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak babatda uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde Türkmenistan anyk ýörelgelere we öz maksatlaryna aýdyň düşünmäge esaslanýan köptaraply, toplumlaýyn daşary syýasaty amala aşyrýar. Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň geografiýasy ep-esli giňeldi, oňa barha täze ýurtlar we sebitler goşulýar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary has-da ösdürilýär. Olaryň ählisi Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklaryna oňyn täsir edýär, söwda-ykdysady gatnaşyklary, iri halkara taslamalaryny amala aşyrmaga höweslendirýär, onuň dünýädäki ornuny pugtalandyrmaga, jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hö

Halkara gatnaşyklaryň ösüşli menzillerine tarap

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde ýurdumyzda parlamentarizmi we hukuk binýadyny aýdyň şöhlelendirmek maksady bilen maý aýynyň 12-13-ne Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolmak bilen, onda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary dogrusynda birnäçe meselelere garaldy. 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» gol çekilen Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, iki palataly parlament ulgamynyň işiniň hukuk esaslary döredildi. Türkmenistanyň Parlamenti Milli Geňeş diýlip atlandyrylyp, ol Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolup durýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasata esaslanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň garaýan meseleleriniň biri-de hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzdan ugur alyp, hoşniýetli goňşuçylygy ýola goýmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolmak, durmuş-ykdysady taýdan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary, hyzmatdaşlyklary amala aşyrmak ýaly birnäçe ugurlardan ybarat bolup durýar.

Halkara forum — netijeli gatnaşyklara tarap

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, parlamentara derejedäki gatnaşyklary-da ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şulary nazarda tutmak bilen, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň biri bolan parlamentara diplomatiýasy has-da öňe ilerleýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi bilen şu ýyl ilkinji gezek Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy biziň bu aýdanlarymyzyň esasy subutnamasydyr. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykaran bu forumyň esasy maksady ýurtlaryň ykdysady ösüşini ýokarlandyrmakdan, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy öňküden-de berkitmek bilen, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şu gezekki halkara forumyň netijesi, Türkmenistanyň öňe sürýän maksatlaryna ýetmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda amala aşyrylýan işleriň taryhy binýady berk bolan özara gatnaşyklarynyň netijesinde toplanan baý tejribä, hyzmatdaşlykda gazanylan uly mümkin

Türk­me­nis­tan — Ma­laý­zi­ýa: ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk, tä­ze müm­kin­çi­lik­ler

Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä döw­let­le­ri­niň kö­pü­si bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da Ma­laý­zi­ýa bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra res­mi taý­dan ba­dal­ga be­ril­me­gi­ne hem 30 ýyl dol­dy. Ge­çen ta­ry­hy dö­wür­de türk­menma­laý hyz­mat­daş­ly­gyn­da ýe­ti­len sep­git­ler ba­ra­da Ma­laý­zi­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň iş­ler wagt­la­ýyn yna­ny­lan we­ki­li Haý­rul Hez­ri bin ARE­FIN ha­bar­çy­my­zyň so­wal­la­ry­na, ine, şeý­le jo­gap ber­di: — Ma­laý­zi­ýa bi­len Türk­me­nis­tan ha­ky­ky dost­lar­dyr. 1992nji ýy­lyň 17nji ma­ýyn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­lan se­ne­sin­den bä­ri ge­çen 30 ýy­lyň do­wa­myn­da iki ýurt hem dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry gol­dap gel­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de bi­ziň döw­let­le­ri­miz sy­ýa­sy dia­log, söw­da, yk­dy­sa­dy­ýet, adam­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar ýa­ly dür­li ugur­lar­da bi­rekbi­rek bi­len öza­ra he­re­ket­le­ri ýo­la goý­dy. «PET­RO­NAS» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň gaz se­na­ga­ty­na, bi­lim ul­ga­my­na, ýur­duň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mek üçin go­ýan iri möç­ber­li ma­ýa go­ýum­la­ry iki­ta­rap­la­ýyn türk­menma­laý gat­na­şyk­la­ry­nyň iň esa­sy üs­tün­li­gi ha­sap­lan­ýar. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz köp­ta­rap­la­ýyn gör­

Netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi

Eziz Watanymyz dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşyp, netijeli çemeleşmeleri öňe sürüp, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen giň hyzmatdaşlyk alyp barýan, oňyn başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýän döwlet hökmünde tanalýar. Dürli döwletler hem-de abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny üstünlikli amala aşyrýar. Ine, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji maýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugry hakynda pikir alşylmagy hem dostlukly gatnaşyklara täze badalga berilýändiginiň aýdyň görkezijisi boldy. Şol gün paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy Parlamentleriň ýurtlaryň içerki ösüşinde we halkara hyzmatdaşlygynda täze, netijeli ugurlary gözlemekde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekdi. Bu forumyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilendigi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow forumda eden çykyşynda birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Parlamentara dostluk toparlarynyň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmak, ýaşlar

Zenanlara belent sarpa

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň her bir güni ulus-ilimiziň durmuşynda şatlykly we buýsançly wakalara beslenýär. Güneşli Diýarymyzda halkara ähmiýetli çäreleriň guralmagy buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. Şeýle çäreleriň hatarynda ýakynda ak mermerli paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň geçirilendigini bellemek has-da ýakymlydyr. Bu forumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ata Watanymyzyň halkara abraýyny arşa göterip, halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň işine gatnaşmak bagtynyň miýesser edendigine örän buýsanýaryn. Ýeri gelende, zenanlaryň dialogynyň Birleşen Milletler Guramasynyň goldamagynda, 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan döredilendigini bellemek gerek. Ol Merkezi Aziýa sebitiniň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzüm bolmak bilen, gender deňligini ilerletmekde, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde, şeýle-de sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek işinde zenanlaryň mümkinçilikleriniň has doly açylmagynda bu çäräniň ähmiýetiniň uludygy has-da

Üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän hyz­mat­daş­lyk

16-njy maý­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­dow bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy. Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da ýa­kyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Par­la­men­ta­ra fo­ru­my­nyň hem-de ze­nan­la­ryň dia­lo­gy­nyň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da gür­rüň edil­di. Öz­bek Li­de­ri hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zy bu fo­rum­la­ryň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi bi­len gut­lap, iň ýo­ka­ry we beý­le­ki de­re­je­ler­dä­ki yzy­gi­der­li öza­ra gat­na­şyk­la­ryň bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­ma­gyň, öza­ra hor­mat goý­ma­gyň aý­dyň gör­ke­zi­ji­le­ri­di­gi­ni bel­le­di.

Döwlet berkararlygynyň baýramy

Aşgabatda geçirilen iri forumlar bilen utgaşyp, özboluşly mazmuna eýe boldy Jemgyýetçilik gatnaşyklary we kanunçylyk-hukuk binýady

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasy

Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenan wekilleri bolan biz, sebitiň taryhynda ilkinji gezek çagyrylýan Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna berýän goldawy üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlaryna hoşallyk bildirýäris. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde biziň döwletlerimiziň gazanan üstünliklerini nygtaýarys;

Köptaraplaýyn türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

16-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ýakynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň netijeleri barada gürrüň edildi. Özbek Lideri hormatly Arkadagymyzy bu forumlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, iň ýokary we beýleki derejelerdäki yzygiderli özara gatnaşyklaryň birek-birege ynanyşmagyň, özara hormat goýmagyň aýdyň görkezijileridigini belledi. Bularyň ählisi döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär.

Köptaraplaýyn türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

Aşgabat, 16-njy maý. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda şu gün bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ýakynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň netijeleri barada gürrüň edildi. Özbek Lideri hormatly Arkadagymyzy bu forumlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, iň ýokary we beýleki derejelerdäki yzygiderli özara gatnaşyklaryň birek-birege ynanyşmagyň, özara hormat goýmagyň aýdyň görkezijileridigini belledi. Bularyň ählisi döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär.

Köptaraplaýyn türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

Aşgabat, 16-njy maý (TDH). Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda şu gün bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ýakynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň netijeleri barada gürrüň edildi. Özbek Lideri hormatly Arkadagymyzy bu forumlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, iň ýokary we beýleki derejelerdäki yzygiderli özara gatnaşyklaryň birek-birege ynanyşmagyň, özara hormat goýmagyň aýdyň görkezijileridigini belledi. Bularyň ählisi döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär.

Abraýly sylaglar — belent dereje

12-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Forumyň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Iri halkara derejeli forumyň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň «МПА СНГ. 30 лет» ýubileý medaly, Azerbaýjan Respublikasynyň «Hormatly aksakgal», «Ulu Türk» altyn ordenleri, şeýle hem «Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin» milli baýragy bilen sylaglanyldy.

Aşgabat Jarnamasy: Hyzmatdaşlyk. Dostluk. Rowaçlyk

12-nji maýda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Forumyň işiniň netijeleri jemleýji resminamada — Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapdy. Jarnamada forumyň geljekki mejlisleriniň döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasy, lukmançylyk diplomatiýasy we ekologik abadançylyk bilen bagly hemişelik ugurlary, şeýle-de hyzmatdaşlyk etmegiň we tejribe alyşmagyň ýollary kesgitlenildi. Aşgabat forumynyň dowamynda geçirilen plenar mejlisler hem Jarnamada görkezilen şol esasy üç ugruň ady bilen atlandyryldy. Gazetimiziň habarçylary mejlisleriň işine gatnaşyp, daşary ýurtly wekiliýetleriň agzalarynyň çykyşlaryny ýazga geçirdiler. «Türkmenistan»

Mähir dünýäsi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna bagyşlanan sergi geçirildi. Onuň çäklerinde medeni çykyşlar, milli lybaslaryň görkezilişi, şeýle-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy. Sergide Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Gender deňligi we zenanlaryň meseleleri boýunça komitetiniň başlygy Malika Kadirhanowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, zenanlaryň dialogynda Merkezi Aziýa döwletleriniň gender deňligini gazanmakda we zenanlaryň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagyny ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işlere, gazanylan öňegidişlige ýokary baha berlendigini aýtdy. «Sebitdäki hyzmatdaşlygy, ynamy, özara düşünişmegi goldamakda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň arasyndaky jemgyýetçilik gatnaşyklarynda zenanlaryň dialogynyň orny uludyr. Mejlisde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň zenanlarynyň arasynda gender deňligini öňe sürmek, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça tagallalary dowam etdirmek hakynda pikir alşyldy» diýip, myhman gürrüň berdi.

Hyzmatdaşlygyň sebitleýin görnüşi giňeldilýär

Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi 13-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Çuňňur sarpanyň nyşany

Mälim bolşy ýaly, 12-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirilip, onuň dowamynda gatnaşyjy ýurtlaryň parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda zerur çözgütler kabul edildi. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy bilen geçirilen bu iri forum biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň abadançylygynyň, olaryň ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşiniň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine mundan beýläkki bilelikdäki iş üçin anyk ugurlary kesgitledi. Hormatly Arkadagymyz sebitde durnuklylygy berkitmäge, döwletara gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde bu wajyp işi üstünlikli dowam etdirmegi milli Liderimiziň başarjaň syýasatçydygyny, ajaýyp diplomatdygyny, diňe bir Türkmenistan ýurdumyzyň däl-de, «Açyk gapylar» syýasatymyza laýyklykda, ähli taraplar üçin özara bähbitli hyzmatdaşlyga berk eýerýändigini görkezýär. Şoňa görä-de, forumyň maksatnamasynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyza Azerbaýjanyň Ýaşulular geňeşiniň iň ýokary sylagy bolan «Hormatly aksakgal» altyn ordeniniň we degişli şahadatnamanyň, şonuň ýaly-da, «Azerbaýjan dünýäsi» halkara žurnaly bilen bilelikde döredilen «Dede Korkut» milli gaznasynyň ýokary sylaglary bolan «Ýer ýüzünde parahatçyl