Türk­me­nis­tan — Ma­laý­zi­ýa: ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk, tä­ze müm­kin­çi­lik­ler

18 Maý 2022
726

Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä döw­let­le­ri­niň kö­pü­si bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da Ma­laý­zi­ýa bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra res­mi taý­dan ba­dal­ga be­ril­me­gi­ne hem 30 ýyl dol­dy. Ge­çen ta­ry­hy dö­wür­de türk­menma­laý hyz­mat­daş­ly­gyn­da ýe­ti­len sep­git­ler ba­ra­da Ma­laý­zi­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň iş­ler wagt­la­ýyn yna­ny­lan we­ki­li Haý­rul Hez­ri bin ARE­FIN ha­bar­çy­my­zyň so­wal­la­ry­na, ine, şeý­le jo­gap ber­di:

— Ma­laý­zi­ýa bi­len Türk­me­nis­tan ha­ky­ky dost­lar­dyr. 1992nji ýy­lyň 17nji ma­ýyn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la goý­lan se­ne­sin­den bä­ri ge­çen 30 ýy­lyň do­wa­myn­da iki ýurt hem dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry gol­dap gel­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de bi­ziň döw­let­le­ri­miz sy­ýa­sy dia­log, söw­da, yk­dy­sa­dy­ýet, adam­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar ýa­ly dür­li ugur­lar­da bi­rekbi­rek bi­len öza­ra he­re­ket­le­ri ýo­la goý­dy. «PET­RO­NAS» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň gaz se­na­ga­ty­na, bi­lim ul­ga­my­na, ýur­duň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mek üçin go­ýan iri möç­ber­li ma­ýa go­ýum­la­ry iki­ta­rap­la­ýyn türk­menma­laý gat­na­şyk­la­ry­nyň iň esa­sy üs­tün­li­gi ha­sap­lan­ýar. Bi­ziň ýurt­la­ry­myz köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de iri se­bit­le­ýin we hal­ka­ra dü­züm­le­riň, hu­su­sanda, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­ýär­ler. Ma­laý­zi­ýa he­mi­şede Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ni gol­dap çy­kyş ed­ýär.

Ýaz­ga ge­çi­ren Aý­gül RA­HY­MO­WA.
«Türk­me­nis­tan».
Beýleki habarlar