Kämil kanunçylyga daýanyp

18 Maý 2022
571

Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty, umumadamzat, sebit ähmiýetli halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda at-abraýy dünýä dolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýän ýurtlaryň sany barha artýar. Bu gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamak, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi bilen dünýäniň ençeme döwletleriniň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny öňküsinden-de ýokarlandyrmak, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak, kanunçylyk işiniň öňdebaryjy tejribesini alyşmak, şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak babatda uly işler alnyp barylýar.

Häzirki döwürde Türkmenistan anyk ýörelgelere we öz maksatlaryna aýdyň düşünmäge esaslanýan köptaraply, toplumlaýyn daşary syýasaty amala aşyrýar. Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň geografiýasy ep-esli giňeldi, oňa barha täze ýurtlar we sebitler goşulýar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary has-da ösdürilýär. Olaryň ählisi Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklaryna oňyn täsir edýär, söwda-ykdysady gatnaşyklary, iri halkara taslamalaryny amala aşyrmaga höweslendirýär, onuň dünýädäki ornuny pugtalandyrmaga, jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde abraýyny ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.

Annamuhammet SARJAÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar