Netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi

17 Maý 2022
700

Eziz Watanymyz dünýä we sebit syýasatynyň möhüm meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşyp, netijeli çemeleşmeleri öňe sürüp, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen giň hyzmatdaşlyk alyp barýan, oňyn başlangyçlary bilen yzygiderli çykyş edýän döwlet hökmünde tanalýar. Dürli döwletler hem-de abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny üstünlikli amala aşyrýar.

Ine, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji maýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugry hakynda pikir alşylmagy hem dostlukly gatnaşyklara täze badalga berilýändiginiň aýdyň görkezijisi boldy. Şol gün paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy Parlamentleriň ýurtlaryň içerki ösüşinde we halkara hyzmatdaşlygynda täze, netijeli ugurlary gözlemekde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekdi. Bu forumyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilendigi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow forumda eden çykyşynda birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Parlamentara dostluk toparlarynyň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmak, ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklarynyň gurallaryny döretmek, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda parlamentarileriň orny, bu sebitdäki köpugurly hyzmatdaşlykda ykdysady gatnaşyklaryň meselelerinde hukuk gurallaryny döretmek we herekete girizmek, netijeliligi ýokarlandyrmak ýaly teklipler ähli gatnaşyjylar tarapyndan goldanyldy. Forumda Gahryman Arkadagymyz Russiýa tarapynyň teklip eden parlamentara hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň guramaçylyk esaslaryny goldap, ony «Aşgabat görnüşi» diýlip atlandyrmagy teklip etdi. «Aşgabat görnüşi» parlamentara hyzmatdaşlygynyň sekretariatyny Aşgabatda ýerleşdirmek bilen, bu çärä yzygiderli häsiýet bermek başlangyjy goldanyldy. Mejlisden soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi we bu parlamentara forumyň işiniň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar