Halkara gatnaşyklaryň ösüşli menzillerine tarap

18 Maý 2022
650

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde ýurdumyzda parlamentarizmi we hukuk binýadyny aýdyň şöhlelendirmek maksady bilen maý aýynyň 12-13-ne Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolmak bilen, onda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary dogrusynda birnäçe meselelere garaldy.

2020-nji ýylda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» gol çekilen Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, iki palataly parlament ulgamynyň işiniň hukuk esaslary döredildi. Türkmenistanyň Parlamenti Milli Geňeş diýlip atlandyrylyp, ol Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolup durýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasata esaslanyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň garaýan meseleleriniň biri-de hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzdan ugur alyp, hoşniýetli goňşuçylygy ýola goýmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolmak, durmuş-ykdysady taýdan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary, hyzmatdaşlyklary amala aşyrmak ýaly birnäçe ugurlardan ybarat bolup durýar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar