Köptaraplaýyn türkmen-özbek gatnaşyklary ösdürilýär

17 Maý 2022
627

16-njy maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ýakynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň netijeleri barada gürrüň edildi.

Özbek Lideri hormatly Arkadagymyzy bu forumlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, iň ýokary we beýleki derejelerdäki yzygiderli özara gatnaşyklaryň birek-birege ynanyşmagyň, özara hormat goýmagyň aýdyň görkezijileridigini belledi. Bularyň ählisi döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berýär.

«Balkan».
Beýleki habarlar