Çuňňur sarpanyň nyşany

16 Maý 2022
699

Mälim bolşy ýaly, 12-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirilip, onuň dowamynda gatnaşyjy ýurtlaryň parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda zerur çözgütler kabul edildi. Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy bilen geçirilen bu iri forum biziň halklarymyzyň we döwletlerimiziň abadançylygynyň, olaryň ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşiniň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň bähbidine mundan beýläkki bilelikdäki iş üçin anyk ugurlary kesgitledi.

Hormatly Arkadagymyz sebitde durnuklylygy berkitmäge, döwletara gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde bu wajyp işi üstünlikli dowam etdirmegi milli Liderimiziň başarjaň syýasatçydygyny, ajaýyp diplomatdygyny, diňe bir Türkmenistan ýurdumyzyň däl-de, «Açyk gapylar» syýasatymyza laýyklykda, ähli taraplar üçin özara bähbitli hyzmatdaşlyga berk eýerýändigini görkezýär. Şoňa görä-de, forumyň maksatnamasynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyza Azerbaýjanyň Ýaşulular geňeşiniň iň ýokary sylagy bolan «Hormatly aksakgal» altyn ordeniniň we degişli şahadatnamanyň, şonuň ýaly-da, «Azerbaýjan dünýäsi» halkara žurnaly bilen bilelikde döredilen «Dede Korkut» milli gaznasynyň ýokary sylaglary bolan «Ýer ýüzünde parahatçylygy üçin» milli baýragyň hem-de «Ulu türk» altyn ordeniniň we degişli şahadatnamalaryň gowşurylmagy Bitarap Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna, Milli Geňeşiň Halk Maslahatyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň gerimli parahatçylyk dörediji işine ýokary baha berilýändigini nobatdaky gezek tekrarlady.

Jennet GURBANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar