Halkara forum — netijeli gatnaşyklara tarap

18 Maý 2022
678

Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, parlamentara derejedäki gatnaşyklary-da ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şulary nazarda tutmak bilen, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň biri bolan parlamentara diplomatiýasy has-da öňe ilerleýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren teklibi bilen şu ýyl ilkinji gezek Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy biziň bu aýdanlarymyzyň esasy subutnamasydyr.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykaran bu forumyň esasy maksady ýurtlaryň ykdysady ösüşini ýokarlandyrmakdan, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy öňküden-de berkitmek bilen, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şu gezekki halkara forumyň netijesi, Türkmenistanyň öňe sürýän maksatlaryna ýetmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda amala aşyrylýan işleriň taryhy binýady berk bolan özara gatnaşyklarynyň netijesinde toplanan baý tejribä, hyzmatdaşlykda gazanylan uly mümkinçiliklere esaslanýandygyny bellemek gerek. Şeýle gatnaşyklar bolsa Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyna gabat gelmek bilen, halklaryň isleglerini we tekliplerini öňe tutup, olaryň rowaçlygynyň we abadançylygynyň bähbitlerine hyzmat edýär.

Sonagül GULGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar