Kitap — hazyna

18 Maý 2022
608

17-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Gahryman Arkadagymyza goýulýan uly hormatyň hem-de köpugurly döwlet, syýasy, ylmy we medeni işlerde bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Dabara Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary, talyplar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin çykyş edip, ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegidigini, onuň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi, hormat goýmagy pugtalandyrmagyň, rowaçlygyň hem-de abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýlary döretmegiň möhüm şertidigini belledi. BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German çykyşynda kitapda diňe bir Türkmenistanyň mirasy hakynda däl, eýsem, häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri barada-da gürrüň berilýändigini nygtady.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar