Mähir dünýäsi

17 Maý 2022
590

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna bagyşlanan sergi geçirildi. Onuň çäklerinde medeni çykyşlar, milli lybaslaryň görkezilişi, şeýle-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy.

Sergide Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Gender deňligi we zenanlaryň meseleleri boýunça komitetiniň başlygy Malika Kadirhanowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, zenanlaryň dialogynda Merkezi Aziýa döwletleriniň gender deňligini gazanmakda we zenanlaryň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagyny ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işlere, gazanylan öňegidişlige ýokary baha berlendigini aýtdy. «Sebitdäki hyzmatdaşlygy, ynamy, özara düşünişmegi goldamakda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň arasyndaky jemgyýetçilik gatnaşyklarynda zenanlaryň dialogynyň orny uludyr. Mejlisde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň zenanlarynyň arasynda gender deňligini öňe sürmek, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça tagallalary dowam etdirmek hakynda pikir alşyldy» diýip, myhman gürrüň berdi.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar