Abraýly sylaglar — belent dereje

17 Maý 2022
699

12-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçirildi. Forumyň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

Iri halkara derejeli forumyň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň «МПА СНГ. 30 лет» ýubileý medaly, Azerbaýjan Respublikasynyň «Hormatly aksakgal», «Ulu Türk» altyn ordenleri, şeýle hem «Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin» milli baýragy bilen sylaglanyldy.

Ýazga geçiren Hemra HUDAÝGULYÝEW.
“Türkmenistan”.
Beýleki habarlar