Beýik ösüşleri nazarlap

18 Maý 2022
568

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, doganlyk gazak halkynyň rowaçlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşler häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň esasy ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Dostlukly goňşy döwletleriň arasynda işjeň syýasy gatnaşyklar alnyp barylýar, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk berkidilýär. Türkmen-gazak söwda-ykdysady gatnaşyklary, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär we berkidilýär, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlary ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, özara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi doglan güni bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat we bagt, Gazagystanyň doganlyk halkynyň rowaçlygynyň, abadançylygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde üstünlik arzuw etdi.

Beýleki habarlar