"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

DÖWREBAP BILIM ULGAMY WE ÝAŞLAR

DÖWREBAP BILIM ULGAMY WE ÝAŞLAR Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli durmuş ykdysady özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu günki gün Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle durnukly ösüşiň we halkymyzyň döredijilik hyjuwynyň esasy binýady hökmünde garalýar. 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesiller düzýär. Biz olara berkarar Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip bellemegi, ýurdumyzda ýaşlara uly üns berilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ýörite kanunlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň kanunçylygy ýaşlaryň durmuş ykdysady, syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny doly kepillendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmek, bu ulgamdaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi k

Täze belentliklere tarap

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bagtyýar nesliniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen, milli ruhumyza, nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak meselesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Çünki dünýä jemgyýetçiliginde ylym-bilim ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Has kämil innowasion usullar, çylşyrymly tehnologiýalar, täzeçe garaýyşlar durmuşa ornaşdyrylýar. Hut şunuň bilen bagly okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslaryny we usullaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek we baýlaşdyrmak zerur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz şu ýagdaýy göz öňünde tutup, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda täze resminamany — Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagy ň möhümdigini nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, şeýle resminamanyň mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini milli tejribä, döwlet we halkara bilim ülňülerine laýyk getirmekde uly ähmiýeti örän uly bolar.

Bilimler mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, bilim pudagyny hem halkara ölçeglerine laýyk getirmäge ähli esaslary döredýär. Ýurduň we milletiň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ýola goýlan işler mynasyp hem döredijilikli dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda: «Ýene-de birnäçe wagtdan ýaş nesliň gerdenine geljekde ýurdumyzy dolandyrmak wezipesi düşer. Munuň üçin olardan maksatlara ýetmekde hakyky watançylyk, ýokary hilli bilim almak we yhlasly zähmet çekmek talap edilýär. Ýaş nesiller Türkmenistany ösdürmekde aýgytly orny eýelemelidirler, ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidirler» diýip pent-sargyt edýär.

Beýik ýüpek ýoluny yzlap

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen dünýä döwletleri bilen syýasy we ykdysady bähbitli halkara gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar. Munuň şeýledigine golaýda Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty hem aýdyňlygy bilen subut edýär. Şundan ugur alnyp, golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň guramagynda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň hatyrasyna» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary, talyplary we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda institutyň ylmy işler boýunça prorektory Gurbansähet Gurbansähedow, TGM-niň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginden podpolkownik Gurbandurdy Atabaýew, institutyň Raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, podpolkownik Nurýagdy Akmämmedow hem-de Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby Wepa Baýramberdiýew dagy çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde ýerleşýän Halk ýygnaklar öýünde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerinde Ö

Ýaşlar — bagtyýar geljegiň eýeleri

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaş nesilleri bilen geçiren umumy sapagynda: «Biz belent maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys» diýip ýüzlenmegi, biz — bagtyýar ýaşlara bildirilýän uly ynamyň aýdyň nyşany bolup, göwünlerimize ganat bekletdi. Çuňňur baý many-mazmuna eýe bolan bu umumy sapakda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň şöhratly taryhy, uly ösüşler bilen özgertmelere beslenýän bagtyýar Diýarymyzyň şu güni we geljegi, ösüp gelýän ýaş nesliň ata Watanyň, maşgalanyň, jemgyýetiň öňündäki borçlary baradaky parasatly pikir-garaýyşlaryny beýan edip, ýaşlara durmuşda ýol görkeziji şamçyrag, belent maksatlara ýetmekde ruhlandyryjy, gymmatly maslahatlaryny, öwüt-nesihatlaryny berdi. Ýaşlary watansöýüji, ruhubelent şahsyýetler edip terbiýelemekde, Watana wepalylyk, il-günüň bähbidini goramak ýaly nusgalyk ahlak keşpleri aňa we kalba ornaşdyrmakda mähriban Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlarynyň gymmaty bimöçberdir.

Ýürek joşguny

Diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen, çeper döredijiligi bilen ähli halklaryň ýüreginde uly orun alan nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çeper şygyrlaryny öwrenmek, ony Ýer ýüzüne ýaýmak ugrunda ýurdumyzda bimöçber işler alnyp barylýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde, 2024-nji ýylda nusgawy şahyrymyzyň 300 ýyllyk şanly toýuny toýlamak we bu mynasybetli dürli ylmy-amaly maslahatlary, bäsleşikleri, edebi-çeper duşuşyklary geçirmek, şeýle hem alnyp baryljak beýleki jemgyýetçilik işlerini agzamak bolar. Şeýle işleriň hatarynda golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen bilelikde ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Magtymguly, sözle herne bileniň» atly çeper okaýyş bäsleşigini geçirdi. Bäsleşige talyp ýaşlar işjeň gatnaşyp, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlaryndan birnäçesini ýatdan, milli sazlarymyzyň astynda çeper okadylar. Ýerine ýetirilen çykyşlara adalatly baha beren emin agzalarynyň biragyzdan tassyklamagy bilen ýeňiji diýlip yglan edilen talyplaryň arasynda Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Hoşgeldi Toryýewiň baýrakly 3-nji orny eýelemegi gullugymyzyň ähli harby gullukçylary üçin guwandyryjy waka boldy. Ýeňiji bolan ýaşlaryň ählisi Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglan

Serhetçi talyplaryň üstünlikleri

Ýakynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda ders bäsleşikleri geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyplary hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňiş gazanan harby talyplarymyz Nurmuhammet Aşyrow hem-de Gündogdy Aýmämmedow informatika, Ýolaman Meretbaýew materiallaryň garşylygy, Alham Rozyýew sanly ykdysadyýet dersleri boýunça deň-duşlary bilen bäsleşip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny, bilim derejelerini görkezdiler.

Bilim — ösüşlerimiziň örki

Ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamlarynyň işini hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirmekde giň gerim alan düýpli özgertmeler bagtyýar nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagynyň mizemez binýadyny kemala getirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alan bu özgertmeler täze taryhy eýýamda hem dowamat-dowam tapýar. Ösüşlerimiziň berk binýady bolup durýan bilim ulgamyndaky şeýle döwletli tutumlary üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa belent sepgitleriň, beýik ösüşleriň, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydygyny aýratyn nygtaýar. Sanly bilim ulgamyna geçmek täze taryhy eýýamda ulgamda alnyp barylýan işleriň esasy ugurlarynyň biridir. Sebäbi sanly bilim ýaş nesillerimiziň ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi ylymdyr tehnikanyň depginli ösýän häzirki zamanasynda ýaş nesliň hünär ussatlygynyň ilkinji şertleriniň biridir. Şundan ugur alnyp, bilimiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde oňyn netijeler gazanylýar. Bu bolsa bilim ojaklarynda ýaş nesle berilýän bilimiň hil derejesini ýokarlandyryp, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Munuň özi milli bilim ulgamynyň işini umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyk getirmekde wajyp ähmiýete eýedir.

YHLAS — ÜSTÜNLIGIŇ KEPILI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp neslini kemala getirmek şu günüň wajyp wezipeleriniň biri. Sebäbi, ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolmaly nesli kemala getirmegiň jogapkärçiligem ýokary, talabam. Şu meseläniň çözgüdiniň jogapkärçiliginden ugur alýan mekdebimiziň mugallymlary okuwçylara durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekde ähli tagallalary edýärler. Biziň tutanýerli zähmetimiziň ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşantdygy guwandyrýar. Mekdebimize indi 15 ýyl bäri çärýek asyryň iş tejribesini arka atan halypa bilim işgäri Şamyrat Abdyýew ýolbaşçylyk edip gelýär. Işine ezber müdiriň guramaçylykly tagallalary bilen mekdebimizde ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde ýokary netijeler gazanylýar. Okuwçylara bilim bermekde kemsiz abzallaşdyrylan synp otaglarynda döredilen mümkinçilikler ýerlikli ulanylýar. Öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanmagy, açyk sapaklaryň yzygiderli guralmagy, dürli ugurlar boýunça bäsleşiklerde mugallymlarymyzyň baýrakly orunlary eýelemekleri mekdebimizde ýaş nesle durnukly bilim, döwrebap terbiýe bermekde gowy görkezijileriň gazanylmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Mekdebimizde halypa-şägirtlik ýörelgesine-de uly üns berilýär. Onlarça ýylyň iş tejribesini arka atan kärdeşlerimiziň ýaňy zähmet ýoluna gadam basan ýaş mugallymlarymyza halypalyk g

HÜNÄRLERIŇ SERESI

“Ýigide müň dürli hünär hem az” diýen ata-babalarymyz: “Hünäriň harasy bolmaz” diýen aýtgyny hem galdyryp, islendik hünäre hem uly ähmiýet beripdirler. Dogrudanam, hünäriň harasy ýok. Islendik bir hünäri ele alyp, ony çuňňur özleşdirip bilseň, ol seni at-abraýa, belent mertebä ýetirýär. Şeýle-de bolsa, mugallymçylyk kärini “Hünärleriň seresi” diýip, atlandyraýasyň gelip dur. Çünki, biz haýsy kärde, haýsy wezipede işleýänem bolsak, hatda il içinde at-abraý alyp, belent derejä ýetenem bolsak, biziň her birimizi başda okadyp, bilim-terbiýä, durmuşa gözükdiren kişiniň mähriban mugallymymyzdygy ýüregimize galyp bolup durandyr. Şonuň üçin bolsa gerek, mähriban mugallymymyz, mekdep ýyllarymyz hakyndaky oýlanmalar iň süýji ýatlamalar bolup, kalbymyzda müdimilik orun alypdyr.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

TÄZE ÖSÜŞLERE BADALGA Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ýaşlaryny ylymly-bilimli, tutanýerli, watansöýüji, ene--atasyna wepaly ogul-gyzlar edip ýetişdirmek, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuşy kemala getirip, adamkärçilikli, ruhubelent, ynsanperwer, zähmete bolan söýgini terbiýelemek esasy wezipämizdir.

Döwrümiziň bagtyýar ýaşlary

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halklaryň dostlugy — ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili» diýen at bilen ýaşlaryň halkara maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdy. Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilýän işlere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy ugrunda dürli mümkinçilikleriň döredilýändigi aýdyldy. Şeýle hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmeginiň ähmiýeti hem-de ýurdumyzyň ýaşlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy barada giňişleýin bellenildi.

Bedew — milli buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý medeni mirasyny, şol sanda atçylyk sungaty bilen bagly bolan gadymy däp-dessurlaryny dikeltmekde, ahalteke bedewleriniň şöhratyny artdyrmakda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Atçylyk sportunyň we at çapmagyň gadymy usullarynyň ulanylmagyna döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hereket etmegi, onda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ahalteke bedewleri halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarydyr. Gadymy türkmen topragynda ussat seýisler tohum atlaryň ajaýyp häsiýetlerini saklap, seýisçiligiň milli ýörelgelerini döredipdirler, olary kämillik derejesine ýetiripdirler. Bu babatda halypa seýis Aba Annaýewiň bitiren işleri, bimöçber hyzmatlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň bilen baglylykda, ahalteke bedewleriniň asyl mekanyndaky bina edilen Arkadag şäherindäki Halkara atçylyk akademiýasynyň ussat seýis Aba Annaýewiň adyny götermegi buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň bagtdan paýly talybydygymyza has-da buýsanýarys.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ylym-bilimi ösdürmäge, kämil hünärmenleri kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde watansöýüji bilimli ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Esasan hem ýaşlara uly ynam bildirilýär, olaryň başarnyklaryna, bilimlerine ýokary baha berilýär. Şonuň üçin hem ýaşlar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere işjeň gatnaşýarlar. Şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda hormatly Prezidentimiz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmegi, olaryň hukuk esaslaryny we maliýe meselelerini geljekde-de kämilleşdirmegi ünsden düşürmän, bu babatda degişli toplumlaýyn işleriň ýola goýulmalydygyny nygtady.

Usulyýet işiniň ussady hakynda söhbet

Sapagyň öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamak döwri mekdepde geçilýän sapagyň aýrylmaz bölegi bolup, ol mugallymyň yhlasynyň, başarnygynyň nä derejede ýerine düşendigini, okuwçylaryň bolsa öwredilen temany näderejede kabul edendigini aýdyňlaşdyrýan döwür bolup durýar. Öý işiniň yzygiderlikde, talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gazanmak mugallymyň öý işini soramakdaky tärlerine we usullaryna, galyberse-de, durmuş tejribesine baglydyr. Mugallymyň adaty we adaty däl görnüşde öý işini soramak döwrüni guramagy sapaga synp tagtasynyň öňüne geçip jogap bermek däbini üýtgetmegi, ýeri gelende mugallymyň hem öz ornuny synpyň içinde üýtgetmegi, beýleki sapaklarda adaty sapaga jogap berýän okuwçylaryň ünsüni, sapaga bolan garaýşyny üýtgedýär. Özümiň durmuş ýolumy mugallymçylyk bilen baglanymdan soň, okuwça temany düşündirip, öwreden temamy aýdyp bermegini gazanmak aňsat bolmady. Hernäçe jan edip, adaty ýollar bilen öý işini soramak döwrüni gurajak bolmagym garaşylýan netijäni bermeýärdi. Ýokary okuw mekdebinde okan döwrümizde usulyýetçi mugallymlarymyzyň aýdýan sözleri gulagymda ýaňlanýardy. «Mugallym öz ugrundan näçe ökde bolsa-da, bilýän zadyny okuwça öwredip, aňyna siňdirmegi başarmasa, onuň göwni suw içmez» diýşi ýaly, men hem öz-özümden nägiledim.

Usuly-amaly okuw geçirildi

Welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde umumybilim edaralarynyň müdirleriniň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň usuly-amaly okuwlary geçirildi. Onda bilim işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň ýöredilişini, mugallymlara usuly kömegiň berlişini döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalardan, okatmagyň häzirki zaman usullaryndan, görkezme esbaplaryndan peýdalanmak arkaly bilim-terbiýeçilik işiniň usulyýetini kämilleşdirmek babatda durmuşa geçirilmeli wezipelere üns çekildi. Şeýle hem mekdeplerde sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylyşy, elektron mekdep dolandyrylyşy boýunça ýerine ýetirilýän işler hakynda aýratyn nygtalyp geçildi. Şeýle mazmundaky usuly-amaly okuwlar welaýatyň etraplarynda hem geçirildi.

Ýaş nesliň bagtly geljegi ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň bilim ulgamynda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky düýpli täzelikleriň durmuşa geçirilmeginiň anyk maksatlary halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, uzak ýaşamagyna gönükdirilendir. Diýmek, bilim ulgamynyň ösdürilmegi esasy zerurlyklaryň biri bolup, bu ulgam barha kämilleşdirilýär. Bilim-ylym ulgamynyň dürli basgançaklarynyň kämilleşdirilmegine örän möhüm ähmiýet berilýär. Bilim ulgamynyň şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň durmuşyndaky ornuna uly baha berlip, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň, esasan, bilim berlişiniň hiliniň ýokarylygy bilen şertlendirýändigini iş ýüzünde subut edýän durmuşy mysallar sanardan köpdür. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bilim-terbiýeçilik işleriniň mazmunynyň düýpli özgerdilmegi babatda döwlet tarapyndan täze usullarda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Milli bilimiň ähli basgançaklaryny sazlaşykly ösdürmek, ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak, täze usulyýetini döretmek, ony döwrebaplaşdyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde dowam etdirilýär.

Bilim ulgamynyň innowasion ösüşi

Ylma we bilime esaslanýan özgertmeler hemişe uly ösüşleri gazanmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzy ähli ugurlarda depginli ösdürmek, şol sanda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak arkaly berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mekdepleriň okuw-usuly taýdan üpjün edilişini gowulandyrmak we mugallymlary taýýarlamak bilen bagly hem anyk wezipeler kesgitlenildi.

Ýaş matematikleriň üstünligi

Şu ýylyň 23 — 29-njy oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Nukus şäherindäki Berdah adyndaky Garagalpak döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda Muhammet al-Horezmi adyndaky 2-nji halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan talyplar gatnaşdy. Abraýly halkara bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-syndan 35 talyp gatnaşyp, olaryň aglabasy Watanymyza medally dolanyp geldi. Bäsleşigiň netijelerine görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary ýokary netijeleri görkezip, jemi 16 medal gazandylar. Olaryň 4-si altyn, 5-si kümüş, 7-si bürünç medallardyr. Mundan başga-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Myratgeldi Annamuhammedow we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Gurt Döwletow bäsleşikde iň ýokary netijäni görkezen «Absolýut çempion» adyna mynasyp boldy.

Diller — dünýäniň açary

Daşary ýurt dillerini öwredýän mugallymlara «Nädip daşary ýurt dillerini öwrenmeli? Nämeden başlamaly?» diýen ýaly sowallar bilen ýüz tutýanlar az däl. Aslynda, bu jogaby öňem eşiden bolsaňyz gerek. Emma islendik hünäri ele almak üçin, hususan-da, dil öwrenmekde, ilki bilen, höwes gerek. Daşary ýurt dilini näme maksat bilen öwrenmekçidigiňi kesgitlemek hem bu babatda saňa ýardam edip biler. Aýdaly, syýahat etmegi halaýan adamlar daşary ýurtlarda özlerini erkin duýmak üçin rus, iňlis ýa-da başga bir halkara dilini öwrenýärler. Käbir adamlar özleriniň hünäri bilen bagly zerurlygyň ýüze çykýanlygy sebäpli daşary ýurt dilini öwrenmeli bolýarlar.