DÖWREBAP BILIM ULGAMY WE ÝAŞLAR

2 Noýabr 2023
631

DÖWREBAP BILIM ULGAMY WE ÝAŞLAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli durmuş ykdysady özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu günki gün Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle durnukly ösüşiň we halkymyzyň döredijilik hyjuwynyň esasy binýady hökmünde garalýar. 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesiller düzýär. Biz olara berkarar Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip bellemegi, ýurdumyzda ýaşlara uly üns berilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ýörite kanunlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň kanunçylygy ýaşlaryň durmuş ykdysady, syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny doly kepillendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmek, bu ulgamdaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi kesgitlenen. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, mukaddes Watana akýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň sentýabrynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Umyt ANNAGYLYJOWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby