Täze okuw ýylyna etrabymyzyň bilim bölümine degişli bolan ähli mekdeplerde guramaçylykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Etrabymyzdaky orta mekdepleriň 22-sinde 1-nji synpa körpeleriň 1820-siniň gelmegine garaşylýar. Mekdeplere ilkinji gezek okuwa geljek çagalar bilen awgust aýynda taýýarlyk okuwlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 1-nji synplaryň okuwçylaryna sapak bermek işi tejribeli mugallymlara ynanyldy. Bu mugallymlar bilen awgust aýynyň başynda etrap bilim bölüminiň bir hepdelik usuly okuwlary geçiriler.