Ýürek joşguny

1 Noýabr 2023
376

Diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen, çeper döredijiligi bilen ähli halklaryň ýüreginde uly orun alan nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çeper şygyrlaryny öwrenmek, ony Ýer ýüzüne ýaýmak ugrunda ýurdumyzda bimöçber işler alnyp barylýar. Muňa aýdyň mysal hökmünde, 2024-nji ýylda nusgawy şahyrymyzyň 300 ýyllyk şanly toýuny toýlamak we bu mynasybetli dürli ylmy-amaly maslahatlary, bäsleşikleri, edebi-çeper duşuşyklary geçirmek, şeýle hem alnyp baryljak beýleki jemgyýetçilik işlerini agzamak bolar. Şeýle işleriň hatarynda golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen bilelikde ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Magtymguly, sözle herne bileniň» atly çeper okaýyş bäsleşigini geçirdi. Bäsleşige talyp ýaşlar işjeň gatnaşyp, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlaryndan birnäçesini ýatdan, milli sazlarymyzyň astynda çeper okadylar. Ýerine ýetirilen çykyşlara adalatly baha beren emin agzalarynyň biragyzdan tassyklamagy bilen ýeňiji diýlip yglan edilen talyplaryň arasynda Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Hoşgeldi Toryýewiň baýrakly 3-nji orny eýelemegi gullugymyzyň ähli harby gullukçylary üçin guwandyryjy waka boldy. Ýeňiji bolan ýaşlaryň ählisi Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandylar.

Ýalkapberdi BERDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.