Bilim ulgamynyň innowasion ösüşi

30 Oktýabr 2023
413

Ylma we bilime esaslanýan özgertmeler hemişe uly ösüşleri gazanmaga ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzy ähli ugurlarda depginli ösdürmek, şol sanda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak arkaly berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mekdepleriň okuw-usuly taýdan üpjün edilişini gowulandyrmak we mugallymlary taýýarlamak bilen bagly hem anyk wezipeler kesgitlenildi.

Gülbahar PYGAMOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň müdiri, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzasy.