Bedew — milli buýsanjymyz

31 Oktýabr 2023
312

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý medeni mirasyny, şol sanda atçylyk sungaty bilen bagly bolan gadymy däp-dessurlaryny dikeltmekde, ahalteke bedewleriniň şöhratyny artdyrmakda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Atçylyk sportunyň we at çapmagyň gadymy usullarynyň ulanylmagyna döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär. Ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hereket etmegi, onda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ahalteke bedewleri halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarydyr. Gadymy türkmen topragynda ussat seýisler tohum atlaryň ajaýyp häsiýetlerini saklap, seýisçiligiň milli ýörelgelerini döredipdirler, olary kämillik derejesine ýetiripdirler. Bu babatda halypa seýis Aba Annaýewiň bitiren işleri, bimöçber hyzmatlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň bilen baglylykda, ahalteke bedewleriniň asyl mekanyndaky bina edilen Arkadag şäherindäki Halkara atçylyk akademiýasynyň ussat seýis Aba Annaýewiň adyny götermegi buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň bagtdan paýly talybydygymyza has-da buýsanýarys.

Aýşat REJEPMYRADOWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.