Täze belentliklere tarap

1 Noýabr 2023
392

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bagtyýar nesliniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen, milli ruhumyza, nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak meselesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Çünki dünýä jemgyýetçiliginde ylym-bilim ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Has kämil innowasion usullar, çylşyrymly tehnologiýalar, täzeçe garaýyşlar durmuşa ornaşdyrylýar. Hut şunuň bilen bagly okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslaryny we usullaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek we baýlaşdyrmak zerur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýagdaýy göz öňünde tutup, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda täze resminamany — Türkmenistanda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny taýýarlamagy ň möhümdigini nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, şeýle resminamanyň mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, doly orta, mekdepden daşary we goşmaça bilim boýunça okatmagyň usulyýetini milli tejribä, döwlet we halkara bilim ülňülerine laýyk getirmekde uly ähmiýeti örän uly bolar.

Indira MAMEDOWA,
Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň mugallymy.