Bilim — ösüşlerimiziň örki

1 Noýabr 2023
283

Ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamlarynyň işini hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirmekde giň gerim alan düýpli özgertmeler bagtyýar nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagynyň mizemez binýadyny kemala getirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alan bu özgertmeler täze taryhy eýýamda hem dowamat-dowam tapýar. Ösüşlerimiziň berk binýady bolup durýan bilim ulgamyndaky şeýle döwletli tutumlary üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa belent sepgitleriň, beýik ösüşleriň, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydygyny aýratyn nygtaýar.

Sanly bilim ulgamyna geçmek täze taryhy eýýamda ulgamda alnyp barylýan işleriň esasy ugurlarynyň biridir. Sebäbi sanly bilim ýaş nesillerimiziň ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi ylymdyr tehnikanyň depginli ösýän häzirki zamanasynda ýaş nesliň hünär ussatlygynyň ilkinji şertleriniň biridir. Şundan ugur alnyp, bilimiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde oňyn netijeler gazanylýar. Bu bolsa bilim ojaklarynda ýaş nesle berilýän bilimiň hil derejesini ýokarlandyryp, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Munuň özi milli bilim ulgamynyň işini umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyk getirmekde wajyp ähmiýete eýedir.

Ejew Ýagşygeldiýewa,
Türkmenbaşy etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.