Diller — dünýäniň açary

30 Oktýabr 2023
438

Daşary ýurt dillerini öwredýän mugallymlara «Nädip daşary ýurt dillerini öwrenmeli? Nämeden başlamaly?» diýen ýaly sowallar bilen ýüz tutýanlar az däl. Aslynda, bu jogaby öňem eşiden bolsaňyz gerek. Emma islendik hünäri ele almak üçin, hususan-da, dil öwrenmekde, ilki bilen, höwes gerek.

Daşary ýurt dilini näme maksat bilen öwrenmekçidigiňi kesgitlemek hem bu babatda saňa ýardam edip biler. Aýdaly, syýahat etmegi halaýan adamlar daşary ýurtlarda özlerini erkin duýmak üçin rus, iňlis ýa-da başga bir halkara dilini öwrenýärler. Käbir adamlar özleriniň hünäri bilen bagly zerurlygyň ýüze çykýanlygy sebäpli daşary ýurt dilini öwrenmeli bolýarlar.

Güneş BÄŞIMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.