YHLAS — ÜSTÜNLIGIŇ KEPILI

1 Noýabr 2023
336

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp neslini kemala getirmek şu günüň wajyp wezipeleriniň biri. Sebäbi, ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolmaly nesli kemala getirmegiň jogapkärçiligem ýokary, talabam. Şu meseläniň çözgüdiniň jogapkärçiliginden ugur alýan mekdebimiziň mugallymlary okuwçylara durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekde ähli tagallalary edýärler. Biziň tutanýerli zähmetimiziň ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine saldamly goşantdygy guwandyrýar.

Mekdebimize indi 15 ýyl bäri çärýek asyryň iş tejribesini arka atan halypa bilim işgäri Şamyrat Abdyýew ýolbaşçylyk edip gelýär. Işine ezber müdiriň guramaçylykly tagallalary bilen mekdebimizde ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde ýokary netijeler gazanylýar. Okuwçylara bilim bermekde kemsiz abzallaşdyrylan synp otaglarynda döredilen mümkinçilikler ýerlikli ulanylýar. Öňdebaryjy iş tejribelerinden peýdalanmagy, açyk sapaklaryň yzygiderli guralmagy, dürli ugurlar boýunça bäsleşiklerde mugallymlarymyzyň baýrakly orunlary eýelemekleri mekdebimizde ýaş nesle durnukly bilim, döwrebap terbiýe bermekde gowy görkezijileriň gazanylmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Mekdebimizde halypa-şägirtlik ýörelgesine-de uly üns berilýär. Onlarça ýylyň iş tejribesini arka atan kärdeşlerimiziň ýaňy zähmet ýoluna gadam basan ýaş mugallymlarymyza halypalyk goldawlaryny bermekleri hem ajap zamanamyzyň bilimli, zähmetsöýer, edep-terbiýeli ýaşlaryny kemala getirmäge bähbitli täsirini ýetirýär.