Usuly-amaly okuw geçirildi

31 Oktýabr 2023
442

Welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde umumybilim edaralarynyň müdirleriniň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň usuly-amaly okuwlary geçirildi.

Onda bilim işini dolandyrmaga degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň ýöredilişini, mugallymlara usuly kömegiň berlişini döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalardan, okatmagyň häzirki zaman usullaryndan, görkezme esbaplaryndan peýdalanmak arkaly bilim-terbiýeçilik işiniň usulyýetini kämilleşdirmek babatda durmuşa geçirilmeli wezipelere üns çekildi. Şeýle hem mekdeplerde sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylyşy, elektron mekdep dolandyrylyşy boýunça ýerine ýetirilýän işler hakynda aýratyn nygtalyp geçildi. Şeýle mazmundaky usuly-amaly okuwlar welaýatyň etraplarynda hem geçirildi.

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».