HÜNÄRLERIŇ SERESI

1 Noýabr 2023
370

“Ýigide müň dürli hünär hem az” diýen ata-babalarymyz: “Hünäriň harasy bolmaz” diýen aýtgyny hem galdyryp, islendik hünäre hem uly ähmiýet beripdirler. Dogrudanam, hünäriň harasy ýok. Islendik bir hünäri ele alyp, ony çuňňur özleşdirip bilseň, ol seni at-abraýa, belent mertebä ýetirýär.

Şeýle-de bolsa, mugallymçylyk kärini “Hünärleriň seresi” diýip, atlandyraýasyň gelip dur. Çünki, biz haýsy kärde, haýsy wezipede işleýänem bolsak, hatda il içinde at-abraý alyp, belent derejä ýetenem bolsak, biziň her birimizi başda okadyp, bilim-terbiýä, durmuşa gözükdiren kişiniň mähriban mugallymymyzdygy ýüregimize galyp bolup durandyr. Şonuň üçin bolsa gerek, mähriban mugallymymyz, mekdep ýyllarymyz hakyndaky oýlanmalar iň süýji ýatlamalar bolup, kalbymyzda müdimilik orun alypdyr.