Beýik ýüpek ýoluny yzlap

1 Noýabr 2023
275

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen dünýä döwletleri bilen syýasy we ykdysady bähbitli halkara gatnaşyklar giň gerime eýe bolýar. Munuň şeýledigine golaýda Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty hem aýdyňlygy bilen subut edýär. Şundan ugur alnyp, golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň guramagynda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmegiň hatyrasyna» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary, talyplary we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda institutyň ylmy işler boýunça prorektory Gurbansähet Gurbansähedow, TGM-niň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginden podpolkownik Gurbandurdy Atabaýew, institutyň Raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, podpolkownik Nurýagdy Akmämmedow hem-de Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby Wepa Baýramberdiýew dagy çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde ýerleşýän Halk ýygnaklar öýünde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerinde Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çuň manyly çykyşy we öňe süren başlangyçlary, şeýle hem türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň baý taryhy tejribesine daýanmak, häzirki wagtda özara bähbitleriň bolmagy, «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» hakynda türkmen strategiýasynyň many-mazmuny, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geljekki geoykdysady landşafty baradaky garaýyşlary, şunda deňhukuklylyk, hyzmatdaşlygyň bähbitlerini nazara almak we ykrar etmek, özara bähbitlilik, medeni, ruhy gymmatlyklaryň köpdürlüligine hormat goýmagyň esasy ýörelgeleri barada çykyş etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň, ýagny ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, önümçilik işini we daşky gurşawy goramak, türkmen tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmek we halkara derejede iberilýän möçberini artdyrmak, wodorod energiýasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek we Türkmenistanyň bu ädimleriniň hyzmatdaşlygyň «ýaşyl» geçelgelerini döretmäge, şol sanda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» strategiýalarynyň çäklerinde möhüm goşant bolýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Mekangeldi ATAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň mugallymy, uly leýtenant.