Ýaş nesliň bagtly geljegi ugrunda

31 Oktýabr 2023
559

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň bilim ulgamynda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky düýpli täzelikleriň durmuşa geçirilmeginiň anyk maksatlary halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, uzak ýaşamagyna gönükdirilendir. Diýmek, bilim ulgamynyň ösdürilmegi esasy zerurlyklaryň biri bolup, bu ulgam barha kämilleşdirilýär. Bilim-ylym ulgamynyň dürli basgançaklarynyň kämilleşdirilmegine örän möhüm ähmiýet berilýär.

Bilim ulgamynyň şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň durmuşyndaky ornuna uly baha berlip, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň, esasan, bilim berlişiniň hiliniň ýokarylygy bilen şertlendirýändigini iş ýüzünde subut edýän durmuşy mysallar sanardan köpdür. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bilim-terbiýeçilik işleriniň mazmunynyň düýpli özgerdilmegi babatda döwlet tarapyndan täze usullarda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Milli bilimiň ähli basgançaklaryny sazlaşykly ösdürmek, ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak, täze usulyýetini döretmek, ony döwrebaplaşdyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde dowam etdirilýär.