Ýaş matematikleriň üstünligi

30 Oktýabr 2023
380

Şu ýylyň 23 — 29-njy oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Nukus şäherindäki Berdah adyndaky Garagalpak döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda Muhammet al-Horezmi adyndaky 2-nji halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan talyplar gatnaşdy. Abraýly halkara bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 10-syndan 35 talyp gatnaşyp, olaryň aglabasy Watanymyza medally dolanyp geldi.

Bäsleşigiň netijelerine görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary ýokary netijeleri görkezip, jemi 16 medal gazandylar. Olaryň 4-si altyn, 5-si kümüş, 7-si bürünç medallardyr. Mundan başga-da, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Myratgeldi Annamuhammedow we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Gurt Döwletow bäsleşikde iň ýokary netijäni görkezen «Absolýut çempion» adyna mynasyp boldy.

Jeren AGAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.