Bilimler mekany

1 Noýabr 2023
313

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, bilim pudagyny hem halkara ölçeglerine laýyk getirmäge ähli esaslary döredýär. Ýurduň we milletiň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ýola goýlan işler mynasyp hem döredijilikli dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda: «Ýene-de birnäçe wagtdan ýaş nesliň gerdenine geljekde ýurdumyzy dolandyrmak wezipesi düşer. Munuň üçin olardan maksatlara ýetmekde hakyky watançylyk, ýokary hilli bilim almak we yhlasly zähmet çekmek talap edilýär. Ýaş nesiller Türkmenistany ösdürmekde aýgytly orny eýelemelidirler, ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidirler» diýip pent-sargyt edýär.

Selbi SAPARLYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.