"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlar — Watanyň daýanjy

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adalatly, parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda – syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Muny biz bagtyýar durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýik işlerde has aýdyň görýäris. Döwletli Diýarymyzda ýaşlaryň işleri barha ýokarlanýar. Bu günki gün ýaşlarymyz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, Watanymyzyň abraýyny Arşa galdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda biz — ýaşlara özümiziň ukyp-başarnygymyzy açyp görkezmäge we ýurdumyzda ýokary derejede alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga has-da uly mümkinçilikler döredildi. Watanymyzyň mukaddesligi Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hut, şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, ata-babalarymyzyň mert

Ýöriteleşdirilen we döwrebap

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli we dünýä tejribesini özünde jemlemek bilen, çagalar baglaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Bu özgertmeleriň esasy maksady Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli il-güne haýyrly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ynsanlar edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrülen döwletimizde ýaş nesliň cuňňur hilli bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär. Döwrebap amatlylyklary bolan çagalar baglarynyň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygy hem ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň düýpli ýokarlanýandygyny görkezýär. Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 63-nji çagalar bakja-bagynda hem körpe nesle döwrebap bilim, asylly-terbiýe berilýär. 2011-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen çagalar bagy iki gatdan ybarat bolup, ol 160 orunlykdyr. Onda toparlaryň 7-si hereket edýär. Olaryň ikisi bakja, 5-si bag toparlarydyr. Çagalar bakja-bagynda aýdym-saz, kompýuter, lingafon, bedenterbiýe, rus we iňlis dili otaglary bolup, olarda körpeleriň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şertler bar.

Harby lukmanlaryň hünär bäsleşigi

Golaýda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň okuw meýilnamasy esasynda fakultetiň «Bejeriş-öňüni alyş işi» we «Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek işi» hünärleriniň harby talyplarynyň arasynda harby lukmançylyk ugrundan bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşigi geçirmegiň esasy maksady talyplarda harby gulluga bolan söýgini we öz kärine bolan buýsanç duýgusyny terbiýelemekden, lukmançylyk kärine ökde serkerdeleri hem-de harby lukmanlary taýýarlamakdan ybarat boldy. Onda täzeçil tehnologiýalary, ýagny sanly ulgamy ornaşdyrmak, onuň üsti bilen dolandyrmak, telelukmançylyk ugruny kämilleşdirmek we uzak aralykdan näsaglara distansion lukmançylyk kömegini bermek ýaly amallar synagdan geçirildi.

Berkararlyk bagty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, beýik işleriň rowaçlanýan ýurdunda, ata-babalarymyzyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýandygymyz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyl syýasatlaryndan rowaçlanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletde ömür sürýändigimiz, halal zähmet çekip, ylym-bilim alýandygymyz üçin her birimiz buýsanmaga haklydyrys. Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy has-da gülletmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin amala aşyrýan işleri, kabul edýän çözgütleri milletiň kalbyna ýagşylygyň, haýyr-sahawatyň nury bolup çaýylýar. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda, ykdysadyýetde, ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler ruhuňy göterýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan döwleti parahatçylygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, ynsanperwerligiň, mähribanlygyň, dost-doganlygyň, hoşmeýilliligiň ýurdy hökmünde tutuş dünýäde giňden tanalýar. Eziz Diýarymyz häzirki wagtda halkara derejesinde dürli bilim we sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Halkymyz bu gün adalatyň, parahatçylygyň we asudalygyň dabaralanýan ýurdunda bir güýje, bir göwrä öwrülip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna has-da mäkäm jebisleşip, bagtyýar geljege tarap aýgytly gadamlar bilen öňe barý

Beýik özgertmeleriň binýady

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylmy-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny durmuşyň ähli ugurlaryna gönükdirmek bilen, Watanymyzy ykdysady taýdan ösýän, kuwwatly döwlete öwürmegi baş maksat edip goýýar. Ine, şu nukdaýnazardan hem döwlet Baştutanymyzyň düýpli özgertmeleri netijesinde milli ykdysadyýetimizde täze-täze pudaklar we düzümler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ähli pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Şu nukdaýnazardan-da, häzirki wagtda dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, täzeçil pikirlenýän, daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirýän hünärmenleri taýýarlamak ugrunda oňyn işler amal edilýär. Çünki önümçiligi ygtybarly dolandyrmaga ukyply ýaş hünärmenler döwletiň we jemgyýetiň esasy daýanjydyr.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Körpejeler zehinlerini aýan etdiler Ýaş nesillere döwrebap bilim hem terbiýe bermekde, olara halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, milli oýunlaryny öwredip, olary millilik ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda kiçi ýaşly körpelerden başlap, uly ýaşly ýetginjekleriň zehin başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Şolaryň biri hem “Altyn aşygym, alçy gop!” atly türkmen milli oýunlarynyň bäsleşigidir. Bu bäsleşikde çagalar baglarynyň körpeleri türkmen milli oýunlaryny oýnap, halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny, oýunlaryny açyp görkezýärler.

Ýurdumyzyň aýdyň geljegi — bilimli ýaşlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ylym-bilim ulgamlaryndaky özgertmeleri, ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almaklary, ylmy döredijilik işleri bilen yzygiderli meşgullanmaklary, şeýle hem dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän ýaş nesiller bolup ýetişmekleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we onuň dünýä derejesine laýyk gelmegini gazanmak, bilim edaralarynyň gerimini giňeltmek, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, innowasion serişdeleri ylym-bilim ulgamlaryna ornaşdyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Bilim ulgamynda alnyp barylýan syýasat döwletimiziň geljekki ösüşlerini üpjün etjek hemmetaraplaýyn bilimli, hünärli ýaşlary taýýarlamaga gönükdirilendir. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurduň geljekki ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr. Çünki döwrebap pikirlenip bilýän ýaşlar ýurdumyzyň şu güni hem geljegidir. Ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan beýik işler ýaş nesillerimizi has-da belent sepgitlere ruhlandyryp, olarda Watanymyzyň öňünde uly jogapkärçilik duýgusyny döredýär. Şu maksat bilen, bilim ulga

Baky bagtyň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar geljegini nazarlaýan toplumlaýyn özgertmeler ähli ugurlar boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu gün ýurdumyzda dünýäniň ösen döwletleriniň ylmy-tehniki ösüşiniň täze gazananlaryndan ugur alyp, döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ylym we bilim ulgamlarynyň ýokary derejä ýetendigi bütin dünýäde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryndaky ösüşleriň esasy bilim bermegiň ýokary ülňülerini durmuşa ornaşdyrmakdan, düýpli hem-de amaly ylmy-barlaglary goldamakdan we höweslendirmekden, okuw işine döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmakdan, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr.

Türkmen dili sapagynda özbaşdak many aňladýan söz toparlaryny öwretmek

Häzirki ajaýyp döwürde bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we iň täze tehnologiýalary, innowasion serişdeleri ylym-bilim ulgamlaryna ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şunda sapagy guramagyň, usulyýetiň yzygider kämilleşdirilmegi esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmen dili sapagynda hem usulyýet işleri kämilleşdirilýär, multimedia tagtalary we kompýuter tehnologiýalarynyň mümkinçilikleri giňden ulanylýar. Mugallymyň öz okadýan dersini gowy beýan edip bilmegi, sapagyň ähmiýetiniň zerurdygyny okuwçylaryň aňyna ýetirmegi baş ýörelgedir. Çünki okuwçy sapagyň ähmiýetine düşünse, onuň bilim öwrenmäge bolan ukyby has-da ýokarlanýar. Türkmen dili sapagynda ata-babalarymyzyň dil hakyndaky sargytlaryny, nakyllary okuwçylara düşündirmeli. Munuň özi okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär. Orta mekdebiň 8-nji synpynda geçilen temalar gaýtalanýar we özbaşdak many aňladýan söz toparlary we özbaşdak ulanylmaýan kömekçi sözler hakynda düşündirilýär. Şunda multimedia tagtasynda şeýle ýazmak bolar:

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Ene dilimiziň söz baýlyklaryny öwrenmek, söz manysyna çuňňur düşünmek milli gymmatlygymyza belent sarpadyr. Şonuň üçin hem ýaş nesillere ene dilimizi öwretmek asylly ýörelgedir. Şeýle asylly ýörelgeden ugur alyp, häzirki wagtda türkmen diliniň söz baýlyklary, gadymy çeşmeleri ylmy esasda öwrenilýär we ýaşlara ýetirilýär. Mahmyt Zamahşarynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Omar Haýýamyň, Magtymguly Pyragynyň, Keminäniň, Mollanepesiň we beýleki ençeme söz ussatlarynyň edebi mirasy türkmeniň ylmy nazaryýetiniň, sözleýiş medeniýetiniň, edebiýatynyň, suhangöýlük sungatynyň taryhy kökleriniň uzakdan gaýdýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Mugallymçylyga belent sarpa

Beýik ösüşlere beslenen mähriban Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamy uly üstünliklere eýe bolýar. Umuman, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bizi diýseň begendirýär, buýsanjymyzy goşalandyrýar. Her bir ulgamda zähmet çekmek, ol ulgamyň işiniň ussady bolmak buýsançly bolşy ýaly, mugallymçylyk hünäriniň ussady bolmak guwançlydyr. Hawa, mugallym bolmak oňa bolan söýgüden başlanýar bu hünär parasatlylygy, asyllylygy, hemişe sagdyn pikirlenip bilmegi, her bir zatdan degerli we adalatly netije çykaryp bilmegi talap edýän mukaddes kärdir. Mugallymçylyk käriniň ussady bolmak hut şulary talap edýänligi üçin belent sarpa eýedir. «Salam, mugallym!». Bu — uly-kiçiligine, ýaş tapawudyna parh goýulman, mugallyma duşulanda, oňa garap, ilkinji ýüzlenilýän jümle. Bu jümle bary-ýogy iki sözden ybarat. Ýöne bu iki sözüň aňyrsynda çuňňur hormat, buýsanç, sarpa bar. «Mugallym» diýen mukaddes ada eýe bolan her bir ynsan üçin bu jümläni eşitmek örän buýsançlydyr.

Ýaşlar syýasaty we sanly ykdysady ösüş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijesinde, ýokary derejeli halkara ölçeglere laýyk gelýän we maglumat aragatnaşygynyň hilini üpjün edýän kämil telekommunikasiýa-aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki abraýyny pugtalandyrmaga ýardam edýär hem-de Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde baglanyşdyryjy merkez bolmak bilen birlikde, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky iň möhüm maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde ösüşiniň geljekki ugruny kesgitleýär. 9-10-njy noýabrda paýtagtymyzda geçirilen Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi hem-de ylmy maslahat milli telekommunikasiýa ulgamynyň ýeten sepgitlerini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu forum ulgamyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakda we tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Döwrebap bilim ojagy

Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri aklygy, gözelligi, ajaýyp gurluşy bilen haýran galdyrýar. Biziň döredijilik toparymyz hem bu «akylly» şäheriň her bir binasy hakyndaky maglumatlary yzygiderli we giňişleýin okyjylaryna ýetirip durýar. Biziň bu gezekki syýahatymyzyň ýazgysy bolsa çagalaryň söýgüli ýeri bolan bilim ojagy hakynda. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde sowatly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolmagy ugrunda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Yzygiderli ylym-bilim maksatly edaralaryň, mekdepleriň gurlup ulanylmaga berilmegi her bir ýaş nesilde ylym-bilim dünýäsine bolan söýgini artdyrýar. Onuň şeýledigine biz Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumynda myhmançylykda bolanymyzda-da aýdyň göz ýetirdik.

Bilimli nesil — buýsanjymyz

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimizi, şöhratly taryhymyzy, ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlar döwrebap terbiýelenýär. Şeýle hem häzirki wagtda ýaşlara sanly ulgamyň mümkinçilikleri, döwrebap tehnologiýalar barada maglumatlar giňişleýin öwredilýär. Bularyň hemmesi ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolmaklary barada döredilýän giň mümkinçilikdir. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, ylmy işler bilen meşgullanmaklaryna ähli şertler döredilýär. Häzirki zaman şertlerinde jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bilimiň, ylmy barlaglaryň hiline, ykdysady ösüşiň depginine üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleriň dürli ugurlarda zähmet çekmekleri baradaky işler kämilleşdirilýär.

Ýaşlar biziň geljegimizdir

Şu ýylyň 31-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen taryhy mejlisinden soňra alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem geljek üçin wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda: «Biziň geljegimiz ýaşlar bilendir. Ýaşlarymyz taryhy ösüşiň, döwlet syýasatynyň häzirki zaman meýillerini we möhüm ugurlaryny, binýat goýujy taglymatlaryny özleşdirmelidirler» diýip belledi.

Biologiýadan sapak ýazgysyny taýýarlamak

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam edilýän milli bilim ulgamyndaky giň gerimli döwrebaplaşdyrmak işleriniň çäginde ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunynyň baý, hiliniň ýokary, okatmagyň usulyýetiniň has kämil bolmagy üçin uly tagallalar edilýär. Berilýän bilimiň baý mazmunly we ýokary hilli bolmagyny yzygiderli üpjün etmekde mugallymlaryň taýýarlaýan sapak ýazgylaryna uly orun degişli bolup durýar. Bu möhüm ugurdaky işleri döwrebap derejede guramak üçin Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran 53 belgili buýrugy bilen «Umumybilim edaralarynda okuw sapaklarynyň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplar barada usuly Gözükdiriji» tassyklandy we okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrylyp başlandy.

Sanly bilim ulgamyna bagyşlanan okuw maslahaty

Ýakynda Aşgabat şäherindäki maglumat ulgamlary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk boýunça ýöriteleşdirilen 81-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Milli bilim instituty tarapyndan guralan Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň usulçylary bilen amaly-usuly okuw maslahaty geçirildi. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim edaralarynyň işi has-da kämilleşdirilýär, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak üçin uly tagallalar edilýär hem-de netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek – döwrebap ösüşiň möhüm şertidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän  derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biridir. Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny hasda giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň  biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär. Bu beýik ösüşleriň gazanylýan asyrynda daşary ýurt dillerini innowasion usulda okatmak döwrüň talabydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty netijesinde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe ç

«Adyň nesillere nusga, Pyragy!»

Halaç etrabyndaky 22-nji orta mekdepde etrap bilim bölümi bilen bilelikde şeýle atly edebiýat agşamyny geçirdik. Köňüllerde tagt guran nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu edebiýat agşamy özüniň terbiýeçilik ähmiýeti bilen tapawutlandy. Oňa etrabymyzdaky orta mekdepleriň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we çeper döredijilik bilen meşgullanýan oglan-gyzlar gatnaşdylar. Edebiýat agşamynda okuwçylar beýik akyldaryň şygyrlaryny we oňa bagyşlap ýazan goşgularyny labyzly okadylar. Nusgawy şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar bolsa hiç kimi biparh goýmady.

“Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy” netijeli durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen bagly Türkmenistanyň bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini, hususan-da, rus dilini öwretmäge aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň bilim edaralarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşy dünýä we milli tejribäniň esasynda has-da kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwletimiz tarapyndan bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlar, sanly tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyryp, ony dünýä derejesine ýetirmäge şert döredýär. Häzirki wagtda okuw m