“Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy” netijeli durmuşa geçirilýär

9 Noýabr 2023
940

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen bagly Türkmenistanyň bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini, hususan-da, rus dilini öwretmäge aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürde “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň bilim edaralarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşy dünýä we milli tejribäniň esasynda has-da kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwletimiz tarapyndan bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlar, sanly tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyryp, ony dünýä derejesine ýetirmäge şert döredýär. Häzirki wagtda okuw maksatnamalaryndaky ähli dersler bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini öwretmeklige hem aýratyn üns berilmek bilen, ýaşlaryň azyndan üç dil bilmekleri gazanylýar.