Mugallymçylyga belent sarpa

14 Noýabr 2023
781

Beýik ösüşlere beslenen mähriban Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamy uly üstünliklere eýe bolýar. Umuman, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bizi diýseň begendirýär, buýsanjymyzy goşalandyrýar. Her bir ulgamda zähmet çekmek, ol ulgamyň işiniň ussady bolmak buýsançly bolşy ýaly, mugallymçylyk hünäriniň ussady bolmak guwançlydyr. Hawa, mugallym bolmak oňa bolan söýgüden başlanýar bu hünär parasatlylygy, asyllylygy, hemişe sagdyn pikirlenip bilmegi, her bir zatdan degerli we adalatly netije çykaryp bilmegi talap edýän mukaddes kärdir. Mugallymçylyk käriniň ussady bolmak hut şulary talap edýänligi üçin belent sarpa eýedir.

«Salam, mugallym!». Bu — uly-kiçiligine, ýaş tapawudyna parh goýulman, mugallyma duşulanda, oňa garap, ilkinji ýüzlenilýän jümle. Bu jümle bary-ýogy iki sözden ybarat. Ýöne bu iki sözüň aňyrsynda çuňňur hormat, buýsanç, sarpa bar. «Mugallym» diýen mukaddes ada eýe bolan her bir ynsan üçin bu jümläni eşitmek örän buýsançlydyr.

Gülşat DURDYÝEWA,
Akdepe etrabyndaky 43-nji orta mekdebiň mugallymy.